Halkara Antalýa film festiwaly başlady

Şu ýyl 53-nji gezek geçirilýän Halkara Antalýa film festiwalyna gatnaşmak üçin Antalýa şäherine gelen sungat işgärleri nusgawy ulaglaryndan adamlara salam berdiler

590648
Halkara Antalýa film festiwaly başlady

Sungat adamlaryny daşaýan ulag kerweniniň geçýän mahaly polisiýa işgärleri howpsyzlyk çärelerini gördüler.

Iki ýyl bäri Sosial jogapkärçilik we habarlylyk kerweni diýip atlandyrylýan we Türkiýäniň möhüm meselelerine ünsleri çekmegi maksat edinýän ulag kerwenindäkiler bu ýyl bütin adamzadyň umumy meselesi bolan bosgunlar meselesine we 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygyna ünsleri çekdiler.

Türk kinomotografiýasynyň dünýä kinomotografiýasy bilen duşuşjak Halkara Antalýa film festiwaly 23-nji oktýabrda ýekşenbe güni öz işini tamamlar.



Degişli Habarlar