Halkara sport media-forumynyň maksatnamasy badalga aldy

Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyga bagyşlanan Halkara sport media-forumynyň maksatnamasyna badalga berildi

573931
Halkara sport media-forumynyň maksatnamasy badalga aldy

Onuň çäklerinde, düýn dünýäniň 30-a golaý ýurdunyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri geljek ýyl yklym derejesindäki iri sport ýaryşlarynyň geçmeli Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdylar.

Tanyşlyk türgenler üçin niýetlenen ýaşaýyş toplumyndan başlady. Giň eýwanlaryň birinde daşary ýurtly myhmanlara şäherjigiň kiçeldilen nusgasy görkezildi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ägirt uly taslama girýän sport toplumy, myhmanhanalar, ulag ulgamy, naharhanalar we beýleki desgalar barada jikme-jik gürrüň berildi. Şeýle hem žurnalistlere toplumlaýyn ýaryşlary geçirmegiň mysaly meýilnamasy hem-de sport görnüşleri barada habar berildi. Mälim bolşy ýaly, bu oýunlarda türgenler sportuň 20-den gowrak görnüşi boýunça bäsleşer. Bu oýunlarda henize çenli şeýle köp görnüş boýunça bäsleşikler geçirilmändi.

Ýene-de bir görlüp-eşidilmedik görkeziji--ýaryşa 62 ýygyndy toparyň gatnaşmagydyr. Şeýlelikde, Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary yklym ýaryşy derejesinden ýokary geçer: Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Aziada-2017-niň guramaçylyk komiteti  hem-de Okeaniýanyň Olimpiýa komiteti tarapyndan gol çekilen ýörite Ylalaşyga laýyklykda, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Polineziýa we Mikroneziýa döwletleriniň toparlary bu ýaryşa gatnaşar.

Soňra daşary ýurtlaryň metbugat gulluklarynyň wekillerini türgenleriň ýerleşdiriljek otaglarynyň bezegi we hili bilen tanyşmaga çagyrdylar. Myhmanlaryň bellemegine görä, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde diňe bir yklym derejesindäki şeýle iri ýaryşlary geçirmegiň tejribesi nazara alynman, eýsem, onuň bezeginde täze, has netijeli hem-de özboluşly çemeleşmeler ulanylypdyr.

Soňra Olimpiýa şäherjigine gezelenç guraldy. Myhmanlar monorelsli ýol boýunça hereket edýän ýörite otlularda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly sport desgasyna aýlandylar. Fotosuratçylar we wideokameraçylar görnüşleri ähli jikme-jikligi bilen surata düşürmek üçin jan etdiler. Žurnalistler öz öňlerinde açylan ajaýyp görnüşlere haýran galdylar. Toplumyň ykjamlygy hem-de ähli zatlaryň ölçerilip-biçilendigi olarda örän uly täsir galdyrdy. Daşary ýurtly wekiller şeýle taslamalaryň dünýäniň iki-ýeke döwletlerine başardýandygyny nygtadylar.

Gezelençden soňra daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini şu günler Aşgabatda geçýän tennis boýunça halkara synag ýaryşynyň dabaraly açylyşyna çagyrdylar. Myhmanlar Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk tennis binasynyň baş meýdançasynda estrada ýerine ýetirijileriniň, tans toparlarynyň, sport we çeper gimnastika boýunça türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda ajaýyp görkezme çykyşlarynyň şaýady boldular.

20-nji we 21-nji sentýabrda media-foruma gatnaşyjylar «Sport» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda esasy mowzuklaýyn duşuşyklaryny geçirerler. Göz öňünde tutulan mejlisleriň dördüsiniň barşynda sport metbugatynyň Halkara we Aziýa assosiasiýalarynyň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), «Al Jazeera», «Eврaзия TB» teleýaýlymlarynyň wekilleri we beýlekiler çykyş ederler. Çykyşlaryň esasy mowzugy Aziada-2017-niň toplumlaýyn ýaryşlaryny wagyz etmek, onuň dünýä sport hereketi üçin ähmiýeti we beýlekiler bolup durýar.

Şeýle hem media-forumyň maksatnamasyna öz hünärleri boýunça tapawutlanan žurnalistleri sylaglamak dabarasy hem girýär. Medeni maksatnama hem örän giňdir. Daşary ýurtly myhmanlar üçin “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, "Köwata" ýerasty kölüne, täsin "Gökdere" jülgesine hem-de Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençler göz öňünde tutulýar. (TDH)



Degişli Habarlar