EURO 2016-nyň çempiony şu gün belli bolar

Fransiýada geçirilýän Ýewropa futbol çempionatynyň final bäsleşiginde Portugaliýa Fransiýa bilen oýnar

526420
EURO 2016-nyň çempiony şu gün belli bolar

Sen-Deni şäherindäki Stad-de-Frans stadionynda Türkiýäniň wagty bilen sagat 22:00-da başlajak oýunyň arbitri iňlis Mark Klattenburg bolar.

Fransiýa bilen Portugaliýanyň arasynda bolan soňky 10 oýunda Portugaliýanyň ýygyndysy Fransiýany hiç ýeňip bilmedi.

Beýleki tarapdan bolsa final oýundan öň polisiýa işgärleri howpsyzlyk çärelerini görmäge başladylar.

Parižiň Içeri işler müdürligi final bäsleşiginden ozal 3 müň 400 polisiýa işgäriniň we žandarmanyň Çamps-Ýeliseý meýdançasynyň howpsyzlygyny üpjün etjekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar