Türkiýäniň “Orhideýa we eşek arysy” atly filmine Amerikadan sylag

Film şeýle hem “VII Lions Halkara gysga metražly sylaglaryň” çäginde “Marka agentligi” atly ýörite baýraga laýyk görüldi

525670
Türkiýäniň “Orhideýa we eşek arysy” atly filmine Amerikadan sylag

Izmiriň Ykdysadyýet uniwersitediniň Aragatnaşyk fakultediniň kiçi ylmy işgäri Hazal Baýaryň ýolbaşçylygyndaky fakultediň 3-nji ýylynyň talyplary özleriniň “Orhideýa we eşek arysy” atly filmi bilen ABŞ-nyň “Spotlight gorky filmleri” sylaglarynda kümüş medala eýe boldylar.

Izmiriň Ykdysadyýet uniwersitedi tarapyndan berilen beýanatda fakultediň 3-nji ýyl talyplary Ilaý Onar, Aýbüke Özdemir, Ibrahim Katmerji we Göksu Hajybekirler tarapyndan alynan “Orhideýa we eşek arysy” atly 14 minutlyk gysga metražly gorky film Amerikada sylaga laýyk görülendigi habar berilýär.

Film şeýle hem “VII Lions Halkara gysga metražly sylaglaryň” çäginde “Marka agentligi” atly ýörite baýraga laýyk görüldi.



Degişli Habarlar