Türk alym raga garşy sanjym oýlap tapdy

Türk alym Prof. Dr. Ugur Şahin raga garşy troýa aty atly sanjym oýlap tapdy

503446
Türk alym raga garşy sanjym oýlap tapdy

Germaniýada ýaşaýan we rak keseli bilen kesellän syrkawlar üçin eden işleri sebäpli Germaniýanyň Federal Ylym, Bilim we derňew ministri Anette Şawan tarapyndan sylaglandyrylan Prof. Dr. Ugur Şahin raga garşy “Troýa aty” atly sanjym oýlap tapdy.

Şahiniň ýolbaşçylygyndaky toparyň derňewlerinde wiruslara öýkünýän nano bölejikleriň adamyň bedenine sanjym arkaly goýberilip, immunitediň rak çiýşlerine hüjüm etmegi we olary ýok etmegi üpjün edildi.

Üç aýry syrkawda geçirilen gözleg işleriniň netijesinde syrkawlaryň çiýşleri kiçeldi, çiýşi operasiýa arkaly kesilip alynan emma çiýşiň ýaňadandan gaýtalanmagyna garaşylan rak keseli ýaňadandan döremedi.



Degişli Habarlar