Makedoniýada gül festiwaly geçirilýär

Gül festiwaly 2 gün dowam eder

490853
Makedoniýada gül festiwaly geçirilýär

Makedoniýanyň paýtagty Skopiýada gül festiwaly geçirilýär.

Paýtagtyň iň uly seýilgählerinden birinde geçirilýän “Skopiýa üçin müň gül” temaly festiwalyň açylyş dabarasyna Skopiýanyň şäher häkimi Koçe Tražanowski hem gatnaşdy.

Şäher häkimi açylyş çykyşynda festiwalyň şu ýyl üçünji gezek geçirilýändigini belledi.

Şäher häkimi Koçe Tražanowski “Şu gün tebigatyň al-ýaşyl gülleriniň gününi belläp geçýäris. Bahar aýlarynyň gelmegi bilen birlikde öýlerini güller bilen bezemek isleýän halkymyz festiwaldan peýdalanyp bilerler”diýdi.

Gül festiwaly 2 gün dowam eder.

 

 



Degişli Habarlar