Antalýada syýahatçylyk möwsümi üçin uly taýarlyk görülýär

Konýaalty plažy tomus möwsüminde 09.00-dan 19.00-a çenli hyzmat eder

465098
Antalýada syýahatçylyk möwsümi üçin uly taýarlyk görülýär


Türkiýäniň “syýahatçylygyň paýtagty" Antalýada syýahatçylyk möwsümi üçin uly taýarlyk görülýär.

Türkiýä gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň 1/3 bölegini myhman alýan Antalýada syýahatçylyk desgalary, jemgyýetçilik guramalary we ýerli häkimiýetler ýerli we daşary ýurtly myhmanlary iň gowy ýagdaýda garşylamak üçin uly taýarlyk görýär.

Maý aýyndan başlap howalaryň gyzmaga başlamagy bilen Antalýa dünýäniň çar tarapyndan syýahatçylar gelmäge başlar.

Ýerli häkimiýetler syýahatçylyk möwsüminiň asuda ýagdaýda geçmegi üçin esasan hem kenarlarda we plažlarda uly taýarlyk görýär.

6 kilometr uzynlygyndaky mawy baýdaklary Konýaalty plažy tomus möwsüminde 09.00-dan 19.00-a çenli hyzmat eder.



Degişli Habarlar