Ýewropanyn belli radio işgärleri Stambulda jemlenşdiler

Maslahatda gysga tolkunyň utgaşyklygy seljeriler

424487
Ýewropanyn belli radio işgärleri Stambulda jemlenşdiler

Maslahatda TRT Türkiýäniň sesi radiosynyň ýaýlym tory barada öwgüli sözler aýdyldy.

Maslahata gatnaşylar TRT Türkiýäniň sesi radiosynyň Ýewropadan Aziýa, Amerikadan Afrika çenli uzap gidýän giň sebite sesini ýetirmegine, türkçe we 35 daşary ýurt dilinde berilýän ýaýlymlara haýran galdylar.

TRT-niň baş müdiriniň orunbasary Zeki Çiftçi “Gysga tolkundan berilýän ýaýlymlarymyz arkaly dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly jogaplar gelýär. Şol sebäpli entegem populýarlygyny gorap saklaýar. Diňleýijilerimiz biziň e-poçta, hat ýa-da telefon arkaly habarlaşýarlar diýdi. TRT Daşary ýurt ýaýlymlary departamentiniň başlygynyň orunbasary Zekeriýa Aýdyn bolsa “7 hemra we 5 sany gysga tolkun berijileri bilen 41 web saýtdan günden 120 sagat ýaýlym berilýär. Portugal, ýapyn we malaý dilleri 2015-nji ýylda ýaýlyma başlady” diýdi.

TRT-niň ýer eýeçiliginde geçirilýän EBU Gysga tolkun utgaşyklyk maslahaty 5 gün dowam eder.


Etiketkalar: #TRT , #TSR , #EBU , #Stambul

Degişli Habarlar