Hytaý täze ýylyna taýarlanýar

Millionlarça adamlar täze ýyly maşgalalary bilen belläp geçmek üçin ýollara çykdylar

424530
Hytaý täze ýylyna taýarlanýar
Haýwan senenamasyna görä 8-nji ferwralda Maýmyn ýylyna girmäge taýarlanýan Hytaýda Çunýün diýip atlandyrylýan täze ýyl rugsady başlady.
Millionlarça adamlar täze ýyly maşgalalary bilen belläp geçmek üçin ýollara çykdylar.
24-nji ýanwarda başlan we 40 gün dowam etjek täze ýyl rugsadynda syýahatçylyk ýurduň öz içinde rekord derjä ýeter.
Takmynan 332 million adam ýurduň içinde syýahat eder diýip çak edilýär.
Gara we howa ýollaryndan başgada hytaýlylar täze ýyl syýahady üçin demir ýollaryny hem saýlaýarlar.
Hytaýyň Demir ýollary ministrligi Çunýüniň ilkinji gününde 7 million adamyň otlylary ulanandygyny mälim etdi.
Täze ýyl rugsadynda takmynan 57 million adamyň demir ýollary ulanjakdygy çak edilýär.
Aşa köp adama oturgyçsyz bilet satylandygy üçin käbirleriniň otlylarda aýakda durp gitjekdigi nygtalýar.
Hytaýlylar täze ýylyny maşgalalary bilen belläp geçmek adaty bolany üçin ýurtda dünýäniň iň uly içerki turizm hereketine sebäp bolýar.

Etiketkalar: #Hytaý , #täze ýyl , #ýol , #rugsat

Degişli Habarlar