17-nji Nowi Sad Jaz festiwaly Serbiýada geçirildi

Serbiýanyň Halk teatrynda geçirilýän festiwalyň açylyşynda türk pianist, kompozitor we aýdymçy Selen Gülün çykyş etdi

416560
17-nji Nowi Sad Jaz festiwaly Serbiýada geçirildi

Gülene sahnada gitarist we aýdymçy Demirhan Baýlan bilen depçi Monika Bulanda ýoldaşlyk etdi.

Teatry dolduran ýüzlerçe adam hoş wagt geçirdi.

Festiwalyň açylyşynda şeýle hem Dusko Gožkowiç&Big Band RTS topary bilen amerikaly sazanda Joeý Kalderazzo hem çykyş etdi.

Şu gün öz işini tamamlajak festiwalda Serbiýa bilen birlikde Bosniýa Gersegowina, ABŞ, Italiýa, Germaniýa, Portugaliýa we Wengriýa ýaly ýurtlardan gelen sungat adamlary çykyş etdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar