Türkiýäniň ýygyndysy Gresiýa bilen taýarlyk oýnuny oýnar

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy 17-nji noýabrda sişenbe güni Gresiýanyň ýygyndysy bilen taýarlyk oýnuny oýnar

360629
Türkiýäniň ýygyndysy Gresiýa bilen taýarlyk oýnuny oýnar

Fransiýada geçiriljek 2016 Ýewropa çempionatyna gatnaşjak Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy Gresiýa bilen Stambulyň Başakşehir Fatih Terim stadinonynda oýnajak futbol bäsleşiginiň sagady öňümizdäki günlerde beýan ediler.

Türkiýäniň we Gresiýanyň ýygyndylary şu wagta çenli 9 gezek özara bäsleşdiler.

Bäsleşikleriň 6-da Türkiýe üstün çykan bolsa, Gresiýa 1 oýunda üstün çykdy, 2 bäsleşik bolsa deňme-deň tamamlandy.

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy 13-nji noýabrda anna güni garşydaşynyň öýünde Katar bilen taýarlyk oýnuny oaýnar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar