ABU-nyň 52-nji maslahaty öz işini dowam etdirýär

Maslahatda täze telewideniýe taslamalary meselesi esasy orun eýeleýär

359627
ABU-nyň 52-nji maslahaty öz işini dowam etdirýär

Aziýa-Ýuwaş umman ýaýlym bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 52-nji maslahaty öz işini dowam etdirýär.
TRT-niň ýer eýeçiliginde geçirilýän maslahatda täze telewideniýe taslamalary meselesi esasy orun eýeleýär.
Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň Baş müdüri Şenol Göka Baş Assambleýada eden çykyşynda telewideniýe bilen baglanşykly birlikde taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini aýtdy.
Şenol Göka Türkmenistanyň garaşsyzlyk güni mynasibetli geçirlen çärelere gatnaşmak üçin düýn Türkmenistanda saparda bolandyklaryny aýtdy.
Şenol Göka, Türkmenistana şol bir wagtda dürli hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşmak üçin gidendiklerini ýatlatdy.
Göka, “Elbetde bu biziň taryhymyz bilen baglanşykly. Emma tutuş Aziýa ýurtlary bilen umumy taryhymyz bar we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirip bileris”diýdi.
Aziýa-Ýuwaş umman ýaýlym bileleşiginiň maslahatyna 68 ýurduň wekili gatnaşýar.
Maslahatda ýaýlym bileleşigine agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmadaşlygyň ýokarlandyrylmagy maksat edinilýär.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar