Opera we balet festiwaly dowam edýär

Opera ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar tomaşa etdi

352536
Opera we balet festiwaly dowam edýär

22-nji Halkara Aspendos opera we balet festiwaly dowam edýär.
Antalýada gadymy Aspendos şäherinde geçirlen festiwalyň çäginde düýn agşam Koreýanyň milli operasy tarapyndan “Ekiz ruhy” operasy sahnalaşdyryldy.
Opera ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar tomaşa etdi.
Festiwala Mersin, Ankara we Antalýa şäheriniň döwlet opera we balet teatrlary bilen birlikde Koreýanyň milli operasy, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Türkmenistandan we Tatarystandan sungat ussatlary gatnaşýar.
Festiwal 24-nji sentýabra çenli dowam eder.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar