Galatasaraýyň garşydaşlary belli boldy

Galatasaraý futbol komandasynyň Çempionlar ligadaky garşydaşlary belli boldy

371058
Galatasaraýyň garşydaşlary belli boldy

UEFA çempionlar ligasynyň 2015-2016-njy ýyl futbol sezonynyň toparara bijeleri çekildi.
Monakoda çekilen bijelere görä Galatasaraý C toparynda Benfika (Portugaliýa), Atletiko Madrid (Ispaniýa) we Astana (Gazagystan) futbol komandalary bilen bäsleşer.
Komandalar 8 aýry topara bölündi. Toparara bäsleşiklerde iň köp bal alan 2 komanda indiki tapgyra geçer.
Taoparar bäsleşiklerde 3-nji bolan futbol komandalar bolsa UEFA Ýewropa ligasynda oýnamaga mümkinçilik gazanar.
Toparara bäsleşikler 15-nji sentýabrda başlap, 9-njy dekabrda tamamlanar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar