Futbol bäsleşikleri TRT-den göni ýaýlym arkaly görkeziler

Şu futbol sezonyndan başlap öňümizdäki 3 ýylyň dowamynda UEFA Çempionlar ligasynyň we UEFA Ýewropa ligasynyň käbir futbol bäsleşikleri TRT-den göni ýaýlym arkaly görkeziler

346341
Futbol bäsleşikleri TRT-den göni ýaýlym arkaly görkeziler

UEFA bilen gol çekilen ylalaşyga görä 2015-2016-njy ýyl futbol sezonyndan, 2017-2018-njy ýyllarda geçiriljek futbol sezonyna çenli her hepdäniň sişenbe günleri Çempionlar ligasynda oýnaljak bir oýun we hepdäniň her penşenbe günleri UEFA Ýewropa futbol bäsleşiginde oýnaljak bir oýun parolsyz TRT Sport kanalyndan göni ýaýlym arkaly görkeziler.

Çempionlar ligasyndaky topar ara bäsleşikler 15-16-njy sentýabrda başlap, 8-9-njy dekabrda tamamlanar.

2015-2016-njy ýyllardaky futbol sezonyň final bäsleşigi San Siro stadionynda 2016-njy ýylyň 28-nji maýynda oýnalar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar