Fenerbahçeniň garşydaşy belli boldy

Fenerbahçe futbol komandasynyň UEFA Çempionlar ligasynyň 3-nji deslapky oýunlaryndaky garşydaşy Ukrainanyň Şahtýor Donetsk futbol komandasy boldy

381712
Fenerbahçeniň garşydaşy belli boldy

Şweýsariýanyň None şäherinde UEFA merkezinde çekilen bijäniň netijesinde Fenerbahçe baş tälimçisi rumyniýaly Mirkea Lukesku bolan Şahtýor Donetsk bilen bäsleşer.

Spor Toto Super ligasyny 2-nji bolup tamamlan we Çempionlar ligasynda deslapky oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanan Fenerbahçe komandasy Ukrainanyň komandasy bilen ilkinji oýunyny 28-29-nji iýulda Stambulda, ikinji oýunyny 4-5-nji awgustda Ukrainada oýnar.

Fenerbahçe 3-nji tapgyrda üstünlik gazanan halatynda UEFA Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin play-off bäsleşiginde-de üstünlik gazanmaly bolar.

Eger Fenerbahçe komandasy Şahtýor Donetsk komandasyndan utulan ýagdaýynda UEFA Ýewropa ligasynda bäsleşigini dowam etdirer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar