Türkiýäniň saglyk syýahatçylygy ilkinji 10-luga girdi

Syýahatçy sany boýunça dünýäde 6-nji ýerde duran Türkiýäniň saglyk syýahatçylygy hem çalt depginler bilen ösýär

379853
Türkiýäniň saglyk syýahatçylygy ilkinji 10-luga girdi

Şypa tapmak üçin Türkiýäniň hassahanalaryna gelýän hassalaryň sany soňky 5 ýylda 5 esse artyp, 583 müň adama ýetdi. Türkiýe bu dereje bilen dünýä sanawynda ilkinji 10-luga girdi.

Söweşleriň dowam edýän ýurtlardan gelýän hassalaryň aglabasy ortopediýa we trawma üçin, beýleki ýurtlardan gelýän adamlar bolsa esasan hem göz, saç oturtma, diş we estetika operasiýalary üçin gelýär. Türkiýä daşary ýurtlardan jemi ýylda 700 müňe golaý adam saglyk bejergileri üçin gelýär.

Döwletiň goldaw berýän pudagyň 2017-nji ýyldaky maksady saglykdan gelýän girdejini 2,5 milliard dollardan, 8 milliard dollara ýetirmek bolup durýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar