Türkiýe 66-50 Litwa

Türkiýäniň Ümit Milli basketbol ýygyndysy anna güni Sloweniýanyň ýygyndysy bilen bäsleşer

338117
Türkiýe 66-50 Litwa

Türkiýäniň Ümit Milli ýygyndysy Ýewropanyň Basketbol çempionatynda geçiren duşuşyklarynyň ikisinde hem üstünlikli çykyş etdi. Bäsleşige soňky çempion hökmünde başlan Türkiýäniň Milli ýygyndysy ilkinji bäsleşiginde Beýik Britaniýadan 59-57 hasabynda, düýnki bäsleşikde bolsa Litwadan 66-50 hasabynda üstün çykydy.

Gazanylan netijelerden soň Türkiýäniň Ümit Milli basketbol ýygyndysy D toparynda lider boldy. Baş tälimçisi Taner Günaý bolan ýygyndy şu gün dynç alanyndan soň, ertir anna güni Türkiýäniň wagty bilen sagat 22:00-da Sloweniýanyň basketbol ýygyndysy bilen duşuşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar