Zenan türgenlerden kümüş we bürünç medal

Buse Tosun kümüş, Ewin Demirhan bolsa bürünç medalyn eýesi boldy

321638
Zenan türgenlerden kümüş we bürünç medal

Stambulda geçirlen Ýewropa Ýaşlar göreş çempionadynda Türkiýäniň Milli ýygyndy ýaş zenan göreş komandasynyň türgenlerinden Buse Tosun kümüş, Ewin Demirhan bolsa bürünç medalyn eýesi boldy.
Çempionadyň 4-nji gününde Germaniýaly, Bolgariýaly we Norwegiýaly bäsdeşlerinden üstün çykan Buse Tosun 63 kilogram agyrlykda altyn medal üçin bäsleşmäge hukuk gazandy.
Buse Tosun final bäsleşiginde Russiýaly bäsdeşi Liubow Owçarowanyň 8-0 hasabynda üstünlik gazanmagy bilen kümüş medal aldy we Ýewropa 2-njisi boldy.
Milli göreşçi Ewin Demirgan bolsa 48 kilogram agyrlykda bürünç medal aldy.
Çempionatda 58 bal bilen Azerbaýjan birinji, 50 bal bilen Russiýa ikinji, 48 bal bilen Türkiýe üçünji orny eýeledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar