Türkiýe Russiýadan üstün çykdy
Türkiýäniň Milli woleýbol ýygyndysy ýarym finalda haýsy ýygyndy bilen basleşjegi 25-nji iýunda belli bolar
Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda dowam edýän 1-nji Ýewropa oýunlarynda şu gün oýnalan woleýbol boýunça çärýek finalda Türkiýäniň Milli woleýbol ýygyndysy Russiýanyň ýygyndysy bilen bäsleşdi.
Tükiýäniň ýygyndysy 2 sagat 3 minut dowam eden bäsleşikde garşydaşyndan 3-1 (25-18, 23-25, 25-22 we 25-19) hasabynda üstün çykmagy başardy we adyny ýarym finala ýazdyrdy.
Türkiýäniň Milli woleýbol ýygyndysy ýarym finalda oýnajak ýygyndysy 25-nji iýunda penşenbe güni geçiriljek Azerbaýjan-Gollandiýa bäsleşiginde belli bolar.
Degişli Habarlar
Türkiyede howa şarlaryna bolan gyzyklanma artýar
Geçen ýyl Türkiyede 747 müňden gowrak syýahatçy howa şarlary bilen uçdy
Antalýa Syýahatçylykda Täze Rekord Goýdy
Syýahatçylyk pudagynyň üns merkezinde durýan Antalýan aprel aýynda täze rekord goýdy.