Türk diline uly gyzyklanma görkezilýär

Ýunus Emre institutynyň şol bir wagtda daşary ýurtlarda geçiren synagyna 550 adam gatnaşdy

298108
Türk diline uly gyzyklanma görkezilýär

Dünýäde türk diline bolan gyzyklanma ýokarlaýar.
Ýunus Emre institutynyň daşary ýurtlarda geçirýän Türk dili synagyna ýüz tutýanlaryň sany köpelýär.
Türkiýede ýokary bilim almak we Möwlana talyp çalşygy maksatnamasyndan peýdalanmak isleýän talyplar türk dili synagyna ýüz tutýar.
Türkiýede we ýaşaýan ýurtlaryndaky türk firmalarynda işlemek isleýän hem synag bilen ýakyndan gyzyklanýar.
Ýunus Emre institutynyň şol bir wagtda daşary ýurtlarda geçiren synagyna 550 adam gatnaşdy.
Azerbaýjanda 330 adam synaga girmek üçin ýüz tutdy
Azerbaýjandan soň nobaty bilen Gazagystan we Eýran gelýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar