"Türkiýe-Siriýa dostluk festiwaly" geçiriler

Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabynda, etrap häkimliginiň guramagynda üstümizdäki aýyň 20-21-i aralygynda “Türkiýe-Siriýa dostluk festiwaly” geçiriler

272729
"Türkiýe-Siriýa dostluk festiwaly" geçiriler

Reýhanly etrabynyň häkimi Hüseýin Şanwerdi beren beýanatynda içerki uruş sebäpli Türkiýä gelen siriýalylary kabul edendiklerini ýatladyp, Türkiýäniň myhman söýerligi bilen beýleki ýurtlara görelde bolandygyny nygtady.
Festiwalda Türkiýäniň we Siriýalyň folklorynyň, aýdym-sazynyň, el hünärleriniň we tagamlarynyň tanyşdyryljakdygyny aýdan Şanwerdi, şeýle-de aýdym-saz agşamlarynyň, tennis turniriniň, çaga oýunlary bäsleşiginiň geçiriljekdigini nygtady.
Şanwerdi festiwalda aýdymçy Ugur Yşylagyň konsert berjekdigini ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar