Braziliýanyň Rio Deženerio şäheri 450 ýyllyk ýubileýini belleýär

Şäherde öwüşginli dabaralar geçirildi

243572
Braziliýanyň Rio Deženerio şäheri 450 ýyllyk ýubileýini belleýär

Rio Deženerio şäherindäki dabaralar portugaliýaly deňizçileriň 1565-nci ýylda guryýere çykan ýerleridigi aýdylýan ýerde hormat nyzamyna durulmagy bilen başlandy.
Dabaralar soň şäher merkezinde dowam etdi. Dabaralaryň üns çekici bölümi bolsa 450 metr uzynlygyndaky tort boldy. Torty 12 tamdyrçy üç günüň dowamynda taýarlady.
Rio Deženerio uly kynçylyklara garamazdan Braziliýanyň iň bir gelim-gidimli şäheri bolmagynda galýar.
Şäher 2016-ncy ýyldaky Olimpia oýunlaryna ýer eýeçiligini eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar