Stambula 2014-nji ýylda 11 million 843 müň syýahatçy geldi

Stambula gelen syýahatçylaryň sany 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 13 göterim ýokarlady

176706
Stambula 2014-nji ýylda 11 million 843 müň syýahatçy geldi

Stambula gelýän syýahatçylaryň sany köpelýär.
Stambula 2014-nji ýylda 11 million 843 müň syýahatçy geldi.
Stambulyň Medeniýet we syýahatçylyk müdürligi tarapyndan berlen beýanata görä geçen ýyl Stambula gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 13 göterim ýokarlady.
Şähere gelen syýahatçylaryň sanawynda 12,2 göterim bilen Germaniýa birinji ýerde durýar.
Germaniýadan soň nobaty bilen Eýran we Russiýa gelýär.
2010-njy ýyldan bäri Arap ýurtlaryndan Stambula gelýän syýahatçylaryň sany 10 göterimden 18 göterime çykdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar