UNESKO-TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy

UNESKO-nyň Baş müdiri İrina Bokowa Ankarada Türki halklaryň medeniýet we sungat guramasy TÜRKSOÝ-a bardy

173964
UNESKO-TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy

Bokowa UNESKO bilen TÜRKSOÝ-yň arasynda 20 ýyllyk hyzmatdaşlygyň bardygyny nygtady.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow we UNESKO-nyň Baş müdiri İrina Bokowa duşuşykdan soň žurnalistlere beýanat berdi.
İrina Bokowa medeniýete aýratyn uly üns berýändiklerini nygtap, TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini aýtdy.
TÜRKSOÝ-yň Türk dünýäsiniň UNESKO-sydygyny aýdan Kaseinow bolsa “UNESKO-nyň tejribesi, ýörelgeleri 70 ýyldan bäri bize ýol görkezýär” diýdi.
Geljekde UNESKO bilen bilelikde durmuşa geçiriljek işler barada durup geçen Kaseinow “UNESKO-nyň ştab kwartirasynda 16-njy aprelde Däde Gorkut temaly ylmy maslahat geçiriler. Mart aýynyň ahyrynda-da UNESKO-nyň 70 ýyllygy mynasybetli Nowruz dabaralaryny geçireris” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar