Rim Papasy Fransisk Aýa Ýorgi buthanasynda dini dabara gatnaşdy

Papa Fransisk Türkiýe saparynyň soňky gününde Grek “Fener” Patriarhlygy tarapyndan guralan dini dabara gatnaşdy

210067
Rim Papasy Fransisk Aýa Ýorgi buthanasynda dini dabara gatnaşdy

Patriarhlygyn döredilen güni bolan Keramatly Andreasa bagşyşlanyp Aýa Ýorgi buthanasynda dini dabara geçirildi.
Dini dabara Grek prowoslaw patriarhy Bartolemeo ýolbaşçylyk etdi.
Dogalar we ylahylar okalan dini dabara Gresiýanyň Wise-premýeri we daşary işler ministri Ewangelos Wenizelos hem gatbaşdy.
Papa Fransisk we Patriarh Bartalomeo dini dabaradan soň patriarhlygyň balkonundan howludaky mähelle bilen salamlaşdy.
Rim Papasy we Patriarh Barthalomeo halkara jemgyýetçiligini Ýakyn Gündogardaky dartgynlyga reaksiýa görkezmäge, musulmanlary we hristianlary hyzmatdaşlyga çagyrýan jarnama gol goýdular.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar