Tibiliside Türkiýe kitaphanasy açyldy

Ýunus Emre İnstitutynyň Ziraat bankynyň goldaw bermeginde durmuşa geçirýän 100 Türkiýe kitaphanasy taslamasynyň çäginde Tibiliside Türkiýe kitaphanasy açyldy

200142
Tibiliside Türkiýe kitaphanasy açyldy

Türkiýe kitaphanasy Gürjistanyň Mejlisinin İli Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň çäginde açyldy.
Kitaphananyň açylyşyna Türkiýäniň Gürjistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lewent Gümrükçi, Ýunus Emre İnstitutynyň başlygy Haýati Deweli, Gürjistanyň Mejlisinin İli Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň müdiri Giorgi Kekeledze, Ziraat bankynyň Tibilisidäki şahamçasynyň müdiri Mehmet Uçar bilen köp sanly türkolog gatnaşdy.
Kitaphanada türk edebiýatynyň ulular we çagalar üçin niýetlenen klassiki kitaplary bar.
Türkiýe barasynda türkçe, türk taryhy, medeniýeti, sungaty, syýahatçylygy, Türkiýedäki şäheriň tanyşdyrylmagy, maýa goýum we ýokary bilim mümkinçilikleri, Türkiýäniň ykdysadyýeti, türk syýasaty, Türkiýänin daşary syýasaty ýaly ugurlarda geçiriljek barlaglarda başlangyç çeşme hökmünde kabul edilýän eserlerden ybarat 2500 kitap bar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar