"Altyn apelsin" film festiwaly
51-nji Halkara Antalýa “Altyn apelsin” film festiwalynyň tanyşdyrlyş agşamy düýn Stambulda geçirildi
Festiwalyň şu ýylky şygary “Däp-dessurdan geljege” hökmünde saýlanyp alyndy.
Festiwal topary we Antalýanyň şäher häkimi Menderes Türeliň ýer eýeçiliginde geçirilen agşamda 1964-nji ýylda ussat režisýor Halit Refige berilen ilkinji baýragyň asyl nusgasyna laýyklykda ýaňadandan taýarlanan “Wenus” heýkeljigi hem tanyşdyryldy.
Şu ýylky festiwalyň Milli uzyn metražly film bäsleşiginiň emin agzalarynyň ýolbaşçysy režisýor, senarist, prodýuser we aktýor Ýylmaz Erdogan.
51-nji Halkara Antalýa “Altyn apelsin” film festiwaly oktýabr aýynyň 10-18-i aralgyynda geçiriler.
Degişli Habarlar
Kruiz Gämileri Marmarise Gelmäge Dowam Edýär
Gäminiň esasy bölegi britaniýaly 1800 ýolagçysy bilen 1100 ekipažy bar.
“Star Legend” Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
Gäminiň esasy bölegi amerikaly 283 ýolagçysy bilen 194 ekipažy bar.