Woleýbolçy gyzlar Germaniýany 3-1 hasabynda ýeňdi

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenanlar woleýbol komandasy Germaniýany 3-1 hasabynda ýeňdi

87131
Woleýbolçy gyzlar Germaniýany 3-1 hasabynda ýeňdi

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenanlar woleýbol komandasy Halkara woleýbol federassiýasynyň Bütin dünýä zenanlar Grand Prisinde Germaniýany 3-1 hasabynda ýeňdi.
Türkiýe şeýlelikde E toparyny 6 bal bilen birinji ýerde tamamlady we jemi 13 bal almagyň hötdesinden geldi.
Türkiýäniň Milli ýygyndy zenanlar woleýbol komandasy Ankarada geçirlen E toparyndaky ilkinji bäsleşiginde Dominik Respublikasyny 3-2 hasabynda ýeňdi.
Toparyndaky 2-nji bäsleşiginde Serbiýany 3-2 hasabynda ýeňen woleýbolçy gyzlar soňky bäsleşiginde bolsa Germaniýany  3-1 hasabynda ýeňmegi başardy.
Türkiýäniň Milli ýygyndy zenanlar woleýbol komandasynyň toparyndaky 3-nji we soňky bäsleşikleri awgust aýynyň 15-17-i aralygynda Russiýanyň Kaliningrad şäherinde geçirler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar