Salamlaşýaryn…

Çünki

2127268
Salamlaşýaryn…

Gepleşigimiziň bu sanynda   gündelik durmuşda adamlaryň arasyndaky gatnaşygy güýçlendirýän kiçi, emma möhüm hereketlerden biri bolan salamlaşma hakynda durup geçmek isleýäris. Salamlaşýaryn, çünki, diýip söze başlaýarys.

Dilimize arap dilinden geçen salam sözi asudalyk, ynam, aman-esenlik manylaryny aňladýar. Salam bermek bolsa kimdir birine ýa-da topara ýakynlyk, mähribanlyk we hormat-sylag etmek, jan saglygyny we üstünlik arzuw etmek manysyny aňladýar. Salamlaşmak sosial gatnaşyklarda möhüm başlangyçdyr we ähli medeniýetlerde hoşniýetlilik, hormat-sylag we aragatgnaşyk açma ukybyny görkezýän başlangyç çemeleşme kabul edilýär. Salamlaşma, şeýle hem adamlarda ilkinji oňyn pikir döretmegiň we düşünjeli aragatnaşyk şertini döretmegiň başlangyjydyr.

Adamyň jemgyýetçilik durmuşynda salamlaşmagyň ahmiýeti uludyr. Salamlaşmak, adamlaryň arasynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny açmagyň, köpçülige utgaşmagyň ugurlaryndan biridir.

Ilkinji duşuşykda sylaşykly we sypaýçylykly çemeleşmek, islege ýetmegi ýeňilleşdirýär. Mysal üçin bir dükana ýa-da banka salam berip girenimizde, işgärleriň bize has içgin we güler ýüzli çemeleşýändigine ählimiz şaýatlyk eden bolsak gerek.

Salam bermek, aragatnaşygy başlatmagyň we dowam etdirmegiň ilkinji basgançagy bolşy ýaly, medeni kadalary berjaý etmek manysyny hem aňladýar. Garaşylşy ýaly çemeleşmek adamlaryň jemgyýetçilik utgaşyklygyny güýçlendirip, netijeli sosial toparlaryň döremegine goşant goşýar.

Salamlaşma usullary medeniýetden medeniýete, sebitden sebite üýtgeýän hem bolsa, özeninde adamlara sylaşykly we hoşamaý çemeleşmegiň ýoly hasap edilýär. Tanamaýan adamymyza aman-esenlik arzuw etmek we bizden oňa zyýan ýetmejekdigini görkezýän salam bilen söze başlamak, güýçli jemgyýet döretmek üçin ýönekeý, şol bir wagtda-da netijeli başlangyçdyr. Sözümiziň ahyrynda salam bärýärin, çünki bagtyýar jemgyýetde ýaşamak isleýärin, diýip, siziň bilen hoşlaşýarys.


Etiketkalar: #hoşamaý , #arzuw , #salamlaşyk

Degişli Habarlar