Gündogar Ortaýer Deňizi Dartgynlaşýar

Energetikanyň Gün Tertibi

2107098
Gündogar Ortaýer Deňizi Dartgynlaşýar

Gündogar Ortaýer deňizinde ýakyn wagtda energiýa çeşmeleriniň tapylmagy bilen dünýäniň ünsüni özüne çekdi.  Ine şol ýagdaýy Energetikanyň gün tertibi atly gepleşigimiziň bu günki sanynda ele almak isleýäris.

2000-nji ýyllaryň başynda Gündogar Ortaýer deňizinde uglewodorod ýataklarynyň tapylandygy baradaky habarlar öňe sürülmäge başlanan bolsa, 2007-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda global bir krizisi tutaşdyrjak gaty möhüm wakalar başdan geçirildi.

Kipriň Grek böleginiň dolanşygy Gündogar Ortaýer deňiziniň käbir ýerlerini bir taraplaýyn häsýetde aýratyn ykdysady zolak hökmünde yglan etdi. Olaryň ählisi diýen ýaly jedelli bolmagyna garamazdan, 13 aýry zolakda uglewodorod gözleg işleriniň başlajakdygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň geologiki gözleg merkezi tarapyndan berilen maglumata görä, Gündogar Ortaýer deňizinde takmynan jemi gymmady 1,5 trillion dollar bolan 30 millard barrel nebite barabar bolan uglewodorod ýataklary bar. Onuň agramly bölegi bolsa tebigy gazdyr.

Ortaýer deňzine serhedi bolan goňşy ýurtlary we halkara aktýorlar tarapyndan sebitde geçirilýän uglewodorod gözleg işleri Gündogar Ortaýer deňziniň energiýa deňlemesinde täze deňagramlylygyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Kipriň Grek bölegi öňe sürmelerini güýçlendirmek üçin Müsür we Gresiýa bilen ylalaşyklar baglaşdy.

Emma bu ädim jogapsyz galmady. Ankara "bu birtaraplaýyn karara" berk garşylyk görkezdi. Mawy watan doktrinasy kabul edildi. Türkiýe, halkara jemgyýetçiligine Navtex yglan etmek bilen sebitdäki we deňiz ýurisdiksiýasyndaky hukuklaryndan ýüz öwürmejekdigini mälim etdi.

Ankara Ýewropa Bileleşiginiň abanýan howplaryndan tapawutlylykda, öz talaplaryny özgertmek üçin çäreler gördi. Liwiýa bilen deňiz ýurisdiksiýasy şertnamasyna gol çekildi.

Bu tapgyrda Ýewropa Bileleşigi we ABŞ Kipriň grek böleginiň tarapyny tutdy. Gündogar Ortaýer deňizindäki gazyň Ýewropa daşalmagyny maksat edinip, Türkiyäni aýlanyp geçýän EastMed taslamasyny yglan etdi.

Taslama görä Gündogar Ortaýer deňizinden çykaryljak tebigy gazyň, Gresiýanyň üstaşyr Italiýa, ol ýerden bolsa Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara ugradylmagy göz öňünde tutulýardy.

Meýilnamalar ýarym galdy. ABŞ 30 milliard ýewro çykdajysy bolmagyna garaşylýan taslamadan 2022-nji ýylyň başynda ýüz öwürdi.

Uglewodorod çeşmeleri bilen birlikde, Siriýadaky raýat urşy we Palestina-Ysraýyl meselesi Gündogar Ortaýer deňzini halkara aktýorlary üçin güýç göreş meýdanyna öwürýär.

Dünýäniň ençeme ýurdunyň Gündogar Ortaýer deňziniň halkara suwlarynda harby güýçleri bar.

ABŞ-nyň Ortaýer deňizinde esminets diýip atlandyrylýan orta derejedäki toplar bilen enjamlaşdyrylan 7 harby gämisi bilen 2 sany suwasty gämisi bar. Esminets gämileri 400 Tomahawks raketa daşap bilýär. Olara goşmaça ýagdaýda bolsa ganatly raketalar bilen duýgur raketalar daşaýan B-2 bombardir uçarlar bilen ýüzlerçe Tomahawks raketasyny daşaýan USS Harry S Truman atly harby gämi hem sebitde ýerleşýär. ABŞ-nyň USS Porter gämisi bilen Kipr adasynyň suw giňişliklerinde USS Donald Cook fregatlary hem sebitde ýerleşýär.

Beýik Britaniýanyň Kipr adasynda möhüm harby bazasy bar. Ol ýerde hüjüm we gözegçilik aýratynlyklary bolan Tornado uçarlary we 6 sany Typhoon harby uçary bar. Mundan başgada ýerleşýän ýerleri gizlin saklanýan hüjüm we akylly suwasty gämileri bilen HMS Duncan harby gämisi hem Ortaýer deňizinde ýerleşýär.

Fransiýa hem Charles de Gaulle atly uçargöter gämisi bilen käbir beýleki harby güýçlerini Gündogar Ortaýer deňizine ugradýar.

Russiýa Siriýanyň Latakiýa şäherindäki Himeýmim bazasynda eýýäm ençeme wagt bäri harby barlygyny dowam etdirýär.

Moskwanyň Gündogar Ortaýer deňzinde müňlerçe km aralyga eýe bolan suwasty gämisine garşy raketalary bilen Admiral Grigorowiç we Admiral Essen atly fregat gämileri bar.

2022-nji ýylyň iýun aýynda Gündogar Ortaýer deňzi Gaz forumynyň çäginde Müsüriň paýtagty Kair şäherinde Müsüriň, Ysraýylyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda tebigy gaz daşamak we eksport etmek barada üç taraplaýyn şertnama gol çekildi. Şol şertnamany has-da giňeltmek üçin Ysraýyl Ortaýer deňziniň Tamar ýatagyndan Müsüre tebigy gaz eksportynyň artmagyny tassyklandygyny habar berdi.

Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri näme üýtgetdi?

Gazadaky söweşiň Gündogar Ortaýer deňzindäki gaz ýataklarynyň geljekde özleşdirilmegine uzak möhletli netijelere garaşylýar.

Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri Gündogar Ortaýer deňzindäki energiýa howpsuzlygyna çynlakaý howp salýar.

Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge mejbur bolmagy, Gündogar Ortaýer deňzi üçin ýeke-täk taslamanyň öň hatara çykmagyny üpjün edýär. Bu ýoluň hem Türkiyäniň üstaşyr Ýewropa tebigy gaz eksport etmegine garaşylýar.  



Degişli Habarlar