Wan Sawatly Kümüş Şaý-Sepleri

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

2088001
Wan Sawatly Kümüş Şaý-Sepleri

Türkiyäniň Gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän we taryhy Urartu medeniýetine paýtagtlyk eden Wan şäheri, köli, merjen kefal balygy we ertirlik nahary ýaly elde öndürilen önümleri bilen hem giňden meşhurdyr. Şolaryň biri bolan Sawatly Kümüş Şaý-Sepleri Wan welaýatynyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2017-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Sawat gurşun, mis we kükürt maddalarynyň goşulmagy bilen emele getirilen gara reňkli ergin bolup, Arap dilinde “Gara” manysyny aňladýn “Eswad” sözünden gelip çykýar. Sawadyň alynmagy üçin ilki bilen 500 gr mis, 500 gr gurşun, 125 gr kümüş we 1 kg kükürt ýörite gapda takmynan 750 gradus temperaturada eredilýär. Gowy garylyp, gara reňke öwrülen bu garyndy demir gaba guýulýar we sowatmak üçin goýulýar. Gowy sowan ergin gapdan çykarylyp, ilki bilen sandalyň üstünde böleklere bölünýär, ondan soň bölekler sokyda ezilip, batistden geçer ýaly derejede toz ýagdaýyna getirilýär. Soň bolsa oňa tetraborat natriý maddasy goşulyp, inje palçyk görnüş berilýär. Alynan garyndy kümüş çilim müşdüklerinde, temmäki gaplarynda, at eýerlerinde, tesbilerde we dürli bezeglerde ulanylýar. Bu senetçilik bilen meşgullanýanlaryň öz hünärleriniň ussatlary bolmagy we giň hyýaly güýjüniň bolmaklary örän möhümdir. Geçmişi b.e. öňki asyrlara çenli baryp ýetýän Sawatly senetçiligi ýokary derejedäki karat kümüşden ýasalanda, ýokary hilli kümüşiň gorap saklaýan ak reňk bilen gara sawatly çyzyklar ajaýyp kontrast döredýär. Sawatly kümüş keşdäniň ýene bir möhüm aýratynlygy bolsa, kümüşiň üstündäki keşpleriň ýa-da nagşlaryň, polatdan ýasalan kapilýar ruçkalar bilen nagyşlanmagydyr. Häzirki wagtda Wan welaýatynda 4 aýry ussahanada öndürilýän önümleriň ählisi diýen ýaly eksport edilýär.


Etiketkalar: #şay-sep , #kümüş , #Sawatly , #Wan

Degişli Habarlar