Italiýanyň “akylly adasy” durnukly tejribeleri bilen Ortaýer deňizi sebitine görelde bolýar.

Bilesigelijiniň Bellikleri

2041480
Italiýanyň “akylly adasy” durnukly tejribeleri bilen Ortaýer deňizi sebitine görelde bolýar.

Italiýanyň “akylly adasy” durnukly tejribeleri bilen Ortaýer deňizi sebitine görelde bolýar.

Elektrik toguna bolan islegi dolulygyna gaýtadan işlenýän energiýa serişdelerinden üpjün edilýän, ýagyş suwy bilen ekin ekilýän, organiki ekerançylyk we balykçylyk tejribeler bilen tanalýan Karpaniýa adasy, durnukly tejribeleri bilen Ortaýer deňizindäki beýleki adalara görelde bolýar.

Gury ýere 30 kilometr alysda ýerleşýän adada başladylan Akylly ada Kapraýa taslamanyň çäginde dolulygyna durnukly bolma maksadyna laýyklykda işleýän adanyň ýaşaýjylary;

-         Elektrik toguny gaýtadan işlenýän energiýadan öndürýär,

-         Ekerançylykda we öýlerde peýdalanmak üçin ýagyşyň suwuny ýygnaýar,

-          Adadaky ekerançylyk we balykçylyk işlerini organiki görnüşde amala aşyrmaga çalyşýarlar.

Guryýerden alysda ýerleşýändigi sebäpli uzak ýyllaryň dowamynda tussaglaryň ugradylan we ekerançylykda işledilen açyk tussaghana hökmünde peýdalanylan ada, 1986-njy ýyldan soň gelim-gidime açyldy.

Ada guryýerden çekilen elektrik ulgamynyň ýokdugy sebäpli, adanyň elektrik zerurlylygyny gaýtadan işlenýän energiýa çeşmelerinden kanagatlandyrmak üçin başlangyçlar edilýär.

Şol maksat bilen ada Demirgazyk Ýewropadan ýagly tohumly ösümliklerden diodizel öndürilip, energiýa öwrülen bolsa, häkimlik adanyň dürli ýerlerinde gün panellerini ýerleşdirýär.

Adada jemi ukyby 126 müň inedördül metr bolan taryhy iki sany suw oazisi ýagyşyň suwuny saklamak üçin peýdalanylýar. Akylly adada balykçylygyň ýerleşişi sebäpli senagat desgalaryndan daşda bolmagy we balyk öndürmekde antibiotigiň peýdalanylmazlygy sebäpli ÝB-den organiki şahadatnamasy bar.

Akylly ada Karpaýa taslamasy Ýewropa Komissiýasy tarapyndan birsydyrgynlyk we öwrümleýin ykdysadyýetde model bolup durýandygy üçin baýraga laýyk görülýär.  Adanyň ýerlileri 80-90-njy ýyllarda ada gelim-gidime açylandan bäri maýa goýumlaryny kabul etmän, adanyň tebigatyny we bioköpgörnüşliligini goraýarlar. Edilen tagallalaryň saýasynda balyk bürgütleriniň, Ortaýer deňiziniň týulenleriniň ada dolanyp gelendigi görülýär.


Etiketkalar: #akylly , #ada , #Italiýa

Degişli Habarlar