Türkiýäniň Gara deňiz kenarynda 80 million ýyllyk ajaýyp tebigy gözelligiň bardygyny bilýäňizmi?

Geňdir dünýe, Giňdir dünýe

2023708
Türkiýäniň Gara deňiz kenarynda 80 million ýyllyk ajaýyp tebigy gözelligiň bardygyny bilýäňizmi?

Türkiýäniň deňsiz tebigy gözelliklerinden biri hem Gara deňiz sebitinde ýerleşýän Güzeljehisar Lawa sütünleri… Bartyn welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän bu ajaýyp tebigy gözelligiň taryhy 80 million ýyla barabar. “Lawa” ýa-da “Bazalt” we “Sütün” ýa-da “Gaýa” hökmünde-de atlandyrylýar.

Bartynyň Güzeljehisar obasynda ýerleşýän lawa sütünleri, tebigatda seýrek gabat gelýän we wulkaniki partlamalaryň netijesinde emele gelen adatdan daşary gaýa. Wulkanlardan akan lawalaryň sowamagy we hrustallaşmagy netijesinde emele gelen lawa sütünleri, dünýäde seýrek gabat gelýär. Dünýäde Türkiýedäkiden başga Demirgazyk Irlandiýada, Şotlandiýada, Izlandiýada, Ýaponiýada, Meksikada, Russiýada, Günorta Koreýada, Wiýetnamda, Ispaniýada we Amerikada bar bolan lawa sütünleri iňňän gymmatly hem-de gorag astyna alynan tebigy miraslardan biri. Hem wertikal hem-de gorizontal görnüşde emele gelen gurluşy bilen dünýädäki beýleki nusgalaryndan tapawutly bolan Güzeljehisar Lawa Sütünleri, görenleri özüne haýran edýär. Sütünleriň ýerleşýän 15 gekdara barabar meýdan, eýe bolan tebigy baýlyklary sebäpli 2017-nji ýylda Tebigy ýadygärlik hökmünde gorag astyna alynypdyr.

Lawa sütünleriniň ýerleşýän ýeri bolan Güzeljehisar, bozulmadyk tebigy gözelligi bilen kiçijik kenarýaka şäherçesi. Ýaşylyň we mawy reňkiň eriş-argaç bolan seýrek gabat gelýän ýerleri biri hasap edilýän Güzeljehisar, lawa sütünlerinden başga taryhy ýadygärlikleri, ýerli binagärçiligi, ýaýlaglary, giň tokaýlary we dury deňizi bilen görülmäge mynasyp.


Etiketkalar: #Bartyn , #Lawa sütünleri

Degişli Habarlar