Nasreddin Hoja Ependiň bütin dünýäde ýakyndan tanalýandygyny bilýäňizmi?

Geňdir dünýe, Giňdir dünýe

2008586
Nasreddin Hoja Ependiň bütin dünýäde ýakyndan tanalýandygyny bilýäňizmi?

Türkiýäniň halk gahrymanlaryndan biri bolan Nasreddin Hoja Ependiň bütin dünýäde ýakyndan tanalýandygyny bilýäňizmi?

Nasreddin Hoja Ependi, türk medeniýetiniň tanymal şahsiýetlerinden biridir. Nasreddin Hoja Ependiniň hakykatdan hem ýaşap ýaşamandygy hakynda dürli jedelleşikler bar. Nasreddin Hoja Ependiniň ýaşap geçendigi hakynda dürli maglumatlar bar. Şol maglumatlara görä, Nasreddin Hoja Ependi 1208-nji ýylda Eskişäheriň Siwrihisar etrapçasynyň Hortu obasyna dogulýar. Bilimini tamamlandan soň döwrüň mistiki pikirleriň merkezi hasaplanylýan Akşehire göçüpdir we şol ýerde dürli wezipelerden işläpdir. 1284-nji ýylda hem Akşehirde aradan çykypdyr. Döwrümizde Nasreddin Hoja Ependiniň türbediniň ýerleşýän ýerinde jaýlanypdyr. Nasreddin Hoja Ependiniň arasyndan çykmagyndan soň onuň adyndan gürrüň berilýän hekaýalar şol asyrda ýüze çykypdyr we şol hekaýalaryň sany wagtyň geçmegi bilen has-da köpelipdir.

Şorta sözleri bilen ýakyndan tanalýan Nasreddin Hoja Ependi, Türk dünýäsiniň tanymal şahsiýetlerinden biri. Azerbaýjanda Molla Nasreddin, Gazagystanda Koja Nasreddin we Özbegistanda Nasreddin Ependi hökmünde tanalýar. Nasrettin Hoja Ependiniň degişmeleri türki halklar bilen birlikde araplar, bolgarlar, hytaýlylar, eýranlylar, wengerler we ruslar ýaly beýleki medeniýetlerde giňden tanalýar; şol medeniýetleriň ýerli gahrymanlary arkaly gürrüň berilýär. 1996-njy ýyl ÝUNESKO-nyň karary bilen bütin dünýäde Nasreddin Hoja Ependi ýyly hökmünde bellenilip geçildi.

Nasreddin Hoja edebiýatynyň bilinýän iň gadymy nusgasyna 1480-nji ýylda Anadoly türk dessanlaryndan biri bolan Saltyknamada gabat gelinýär. Leonid Solowýowyň ilkinji bölümi 1940-njy ýylda çap edilen iki jiltlik eseri, Nasreddin Hojanyň roman görnüşinde gürrüň berilýän we orta aziýaly hökmünde suratlandyrylýan tapgyrlaýyn kitapdyr. Eser,jemi 1,5 million tiraž bilen häzirki wagta çenli Nasreddin Hoja kitabynyň ýeten iň ýokary satuwyna eýedir. Nemes, wenger, grek, serp-horwat we ýene-de ençeme dile terjime edilipdir.

Nasreddin Hoja hakynda söz edip, sözi oňa bermezlik gelşiksiz bolsa gerek!

Nasreddin Hoja, dünýäniň merkezini sorapdyrlar. Ol hem soraga “dünýäniň merkezi elimdäki hasanyň degýän ýeridir” diýip jogap beripdir we üssüne goşupdyr: “Eger ynanmaýan bolsaňyz, ölçäň!”



Degişli Habarlar