Türkiýede biosfera ätiýajynyň bardygyny bilýäňizmi?

Geňdir düne, Giňdir dünýe

1975350
Türkiýede biosfera ätiýajynyň bardygyny bilýäňizmi?

Türkiýede ÝUNESKO tarapyndan gorag astyna alynan biosfera ätiýajynyň bardygyny bilýäňizmi?

Biosfera ätiýaçlar, ynsan bilen tebigatyň arasyndaky ekologik, ykdysady, medeni we sosial taýdan deňagramly gatnaşyklara eýe bolan ýerüsti we kenarýaka eko ulgamlara eýe bolan meýdançalar hökmünde kesgitlenilýär. ÝUNESKO-nyň dünýäniň biosfera ätiýaçlary torynda 2021-nji ýylda 129 ýurtdan 714 sany biosfera ätiýajy ýer alýar. Türkiýäniň ilkinji we ýeke-täk biosfera ätiýajy, Artwin welaýatynyň Borçka etrabynda ýerleşýän Jamili ýada Majaheldir. Şol sebit tokaýlary, endemiki ösümlikleri, taryhy, metjitleri, sap Kawkaz arysy we özüne mahsus medeniýeti bilen birlikde ýaýlaglary bilen hem ýakyndan tanalýar.

3450 metr belentligindäki Karçal daglarynyň, Gruziýa serhedinde ýerleşýän ýaýlag, tebigy söýüjüleriň görmek isleýän esasy merkezlerinden biridir. 1921-nji ýylda Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda serhetleriň kesgitlenilmegi meselesinde baglaşylan şertnama laýyklykda jülgede ýerleşýän 18 obanyň 12-i Gruziýanyň, 6-sy Türkiýäniň serhetlerine degişli bolýar.

Gruziýa serhedi Jamili obasynyň aşagynda ýerleşýär. Gyş we bahar aýlarynda Majahel obalarynda 4-6 aýyň dowamynda gar sebäpli ýollar ýapylýar we türk ilatly ýerlerine barmak kynlaşýar. Agyr gyş şertleri sebäpli obadakylar gyssagly ýagdaýda ýerli halk Borçka we Artwine däl eýsem Gruziýa geçýär. Gatnawyň diýseň kynlyğy sebitiň ýaşaýjylary üçin uly mümkinçilige öwrülýär. Majahel hem gatnawyň kynlygy sebäpli tebigy gurluşygyny we urp adatlaryny ýerli halkyň eýe çykmagy bilen biziň günlerimize çenli öz durkuny gorap saklaýar.

2006-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan “Dünýäniň biosfera ätiýaçlary” hökmünde saýlanan Majahelde ýaşaýjylaryň esasy girdeji çeşmesi aryçylyk we bal önümçilidir. Majahel belentligi sebäpli baý ösümlik gatlagyna we “Sap Kawkaz arasyna” hem ýer eýeçiligini edýär. Sebitiň ýaşaýylary arçylyk taýdan halkara derejesinde tejribilerini paýlaşyp biljek hünärmenlige eýedir.


Etiketkalar: #tebigat , #ÝUNESKO , #biosfera

Degişli Habarlar