Ýaşar Kemal

Bilesigelijiniň Bellikleri

1961673
Ýaşar Kemal

Eserlerinde Anadolynyň sesi bolan ýazyjy: Ýaşar Kemal. 

Goşgy, gysga hekaýalar, romanlar, ýatlamalar, oçerkler, aýdyşyklar, esse, oýunlar, degişmeler, makalalar we ssenariýler ýaly ençeme edebi eser ýazan Ýaşar Kemal, türk edebiýatyna 26 roman, 11 esse, 9 reportaž, 2 hekaýa we şygyr ugrunda bir eser miras goýup gitdi.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri, Bilesigelijiniň bellikler atly gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa Eserlerinde Anadolynyň sesi bolan ýazyjy: Ýaşar Kemal atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.  

Ýaşaýyş durmuşynyň dowamynda edebiýadyň tapawutly görnüşleri boýunça köp sanda eser ýazan we esasan hem Anadolyny teswirlän hekaýalary bilen tanalan görnükli ýazyjy Ýaşar Kemal 1923-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda eneden doguldy.

Gam-gussa bilen dolan çagalyk ýyllaryny geçiren Ýaşar Kemal, 3 ýaşynda geçiren heläkçiligiň netijesinde çep gözünden mahrum galdy. Ýazmaga 8 ýaşynda başlan görnükli edebiýatçynyň tebigata, töweregine we içinde ýaşaýan jemgyýete bolan gyzyklanmasy iň uly ylham çeşmesi boldy.

Ilkinji kitabyny 1943-nji ýylda çap etdi

Çukurowa bilen Toroslardan ýygnan we düzüminde ellegiýalar bolan “Agytlar” atly ilkinji kitaby 1943-nji ýylda çap edildi.

Ýaşar Kemal 1946-njy ýylda gulluk borçlaryny ýerine ýetiren Kaýseride ilkinji uzyn hekaýasy bolan “Pis Hekaýa” atly eserini ýazmaga başlady.

Stambul şäherine 1951-nji ýylda göçen ussat ýazyjy, ýazyjylyk bilen bagly başdan geçirmelerine şondan soň öz ady, ýagny Ýaşar Kemal diýip dowam etdirmek barada karar kabul etdi.

Eserlerinde Anadolyda ýaşaýan adamlaryň ykdysady we jemgyýetçilik meselelerini düşündirmäge synanyşan Ýaşar Kemal, eserleriniň käbirleriniň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi saýasynda Ýewropada hem tanalmaga başlady.

“Bäbek", "Dükançy" we "Mämmet" atly hekaýalary hem bolan “Sary Syjak” atly kitabyny 1952-nji ýylda ýazmaga başlan görnükli ýazyjy, şol eserinde garyplyk, zorluk, raýdaşlyk, degenerasiýa, tebigata bolan höwes we adam bilen tebigatyň arasyndaky gapma-garşylyk ýaly ugurlaryň üstünde durup geçdi.

 

Inçe Mämmet öwrülişik nokady boldy

Ýaşar Kemalyň ilkinjisini 1955-nji ýylda ýazan 4 bölümden ybarat “Inçe Mämmet” romany, ussat ýazyjynyň edebiýatdaky başdan geçirmelerinde täze bir sahypa açdy. Şol kitaplar toplumy 40-dan gowrak dile terjime edildi.

Meşhur ýazyjy öz eserlerinde ýönekeý we erkin stili ulanmagy makul bilse-de, romanlarynda we hekaýalarynda aglabasy Çukurowada başdan geçirilen adam dramalarynyň üstünde durup geçdi.

Ýaşar Kemalyň aralarynda “Inçe Mämmet” eseri hem bolan jemi 9 eseri kinomotorgrafiýa geçirildi we ençeme eseri teatrda sahnalaşdyryldy. Kitaplarynda Anadolynyň rowaýatlaryndan we ertekilerinden peýdalanan ýazyjy, 1970-nji ýyllardan soň ýazan romanlarynda bolsa şäherde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş durmuşlaryny ele aldy.

2-si daşary ýurtdan bolan jemi 7 uniwersitetden hormatly doktor derejesini alan ýazyjy, 1973-nji ýylda Nobel Edebiýat sylagyna dalaşgär hödürlenip, dünýä derejesinde at-abraýa eýe boldy. Ondan soň hem birnäçe gezek Nobele dalaşgär hökmünde hödürlendi.

Goşgy, gysga hekaýalar, romanlar, ýatlamalar oçerkler, aýdyşyklar, esse, oýunlar, degişmeler, makalalar we ssenariýler ýaly ençeme edebi eser ýazan Ýaşar Kemal, türk edebiýatyna 26 roman, 11 esse, 9 reportaž, 2 hekaýa we şygyr ugrunda bir eser miras goýup gitdi.

Ýaşar Kemal köptaraplaýyn organ ýetmezçiligi we ýürek ritminiň bozulmagy sebäpli 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda 92 ýaşynda aradan çykdy.

Hormatly diňleýjileri, Bilesigelijiniň bellikler atly gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa Eserlerinde Anadolynyň sesi bolan ýazyjy: Ýaşar Kemal atly temanyň üstünde durup geçdik.


Etiketkalar: #ýazyjy , #Ýaşar Kemal

Degişli Habarlar