Bilejik Osmaneli Aýwa lokumy

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1961672
Bilejik Osmaneli Aýwa lokumy

Türkiyäniň Marmara sebitindäki Bilejik şäheriniň Osmaneli etrabyndan adyny alyp gaýdýan Osmaneli Aýwa lokumy Bilejik welaýatynyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2021-nji ýylda Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Lokumyň önümçiligi üçin her ýyl noýabr we dekabr aýlarynda sebitdäki agaçlardan ýygnalan aýwalar, üweýji enjamda üwelýär we 75 gradus gyzgynlykda 7 minudyň dowamynda bişirilýär.

Beýleki tarapdan başga bir gazanda ilki bilen krahmal, ondan soň şeker, agyz suwy, limon kislotasy goşulýar we şol ergin dowamly häsýetde garyşdyrylyp 2 sagadyň dowamynda gaýnadylýar.

Ergine ozaldan taýarlanyp goýulan aýwanyň püresi goşulýar we takmynan ýene-de 2 sagat gaýnadylýar.

Gaýnatmak işleri tamamlanan we gel goýulyk derejesine ýeten lokum gabarasy, mejmä döküleninden soň 8 sagat otag gyzgynlygynda sowamagy üçin goýulýar.

Sowan lokum gabarasy mermer stoluň üstüne geçirilip, üstüne kokos sepilip, kesmek üçin taýar ýagdaýa getirilýär.

Lokumlar ýörite kesýängaýçylar bilen kub görnüşinde kesilip, üsti ýaňadandan kokos bilen sepelenýär.

Osmaneli Aýwa lokumy 15-16 gradus derejede we çygsyz gurşawda täzeligini 6 aý gorap saklap bilýär.

Osmaneli Aýwa lokumy iýilen mahaly aýwanyň gurluşy we lezzedi sebäpli, lokumda miwänyň bölekleri bar ýaly duýulýar.



Degişli Habarlar