Gadymy Afrodisias Şäheri

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1947984
Gadymy Afrodisias Şäheri

Gadymy Afrodisias şäheriniň meşhur fotosuratçy Ara Güler tarapyndan tötänleýin tapylandygyny bilýäňizmi?

1958-nji ýylda žurnalistlik edýän Ara Güler iş saparyndan azaşýar. Düşlän obasynda taryhy sütünleri, heýkelleri görüp, olary surata alýar. Ara Güleriň alan fotosuratlary dünýädäki esasy neşirleriň we ÝUNESKO-nuň ünsüni çekýär. Güleriň işi we dünýä metbugatynyň waka bilen gyzyklanmagy netijesinde şol taryhy galyndylaryň b.e.ozalky 5-nji asyrda gurlan gadymy Afrodisias şäheridigi anyklanýar.

Gadymy Afrodisias Şäheri, Günbatar Anadolyda, Aýdyn welaýatynyň Karajasu etrabynyň Geýre obasynyn golaýynda ýerleşýär. Afrodisias adyndan hem belli bolşy ýaly yşk we gözellik tanryçasy Afrodite bagyşlanýar we “Afroditiň ýeri we sebiti” manysyny aňladýar. Rim döwründe Afrodit ybadathanasy bilen meşhurlyk gazanan, iňňän ösen şäherdir. Ara Güleriň gadymy şäheri tapmagyndan soň 1960-njy ýyllaryn başynda arheolog Professor Kenan Tewfik Erimiň şahsy başlangyçlary netijsinde Afrodisiasda gazuw-agtaryş işleri başlaýar. Professor Erim, Nýu-Ýork Uniwersitetinde Klassiki döwür professorlygy we Afrodisias gazuw-agtaryşynyň ýolbaşçylygyny ömrüniň ahyrky ýyly bolan 1990-njy ýyla çenli dowam etdirýär. Erim çykyşlary we makalalary bilen Afrodisiasyň dünýä derejesinde tanyşdyrylmagyna uly goşant goşant boşýar.

Gadymy şäheriň ybadathanasy, hammamy, agorasy, stadiony, 8 müň adamlyk teatry, Rim-Wizantiýa döwürlerinde gurlan diwarlary, akropoly, odeony bizin günlerimize çenli gelip ýeten binalardyr. Dünýäniň esasy gadymy binalaryndan biri hem şäheriň demirgazygynda ýerleşýän uzynlygy 270 metre barabar bolan 30 müň tomaşaçy üçin niýetlenen stadion.

Gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan eserlerin sergilenýän Afrodisias muzeýinde Rim, Wizantiýa we İrki yslamy döwüre degişli eserler hem sergilenýär.

2004-nji ýylda bilermenler topary tarapyndan “İn kaşan gadymy şäherleriň onlugyna” giren Afrodisias şäheri, 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nuň Miras sanawyna goşulýar.



Degişli Habarlar