Türki Döwletleriň Guramasynyň Maslahaty

Türki döwletleriň guramasy 9-njy Maslahatyny Özbegistanyň Samarkant şäherinde “Türki medeniýetiň täze eýýamy: Umumy ösüşüň we abadançylygyň ýolunda” şygary bilen geçirildi.

1907975
Türki Döwletleriň Guramasynyň Maslahaty

 Geçen ýyl döwürleýin başlyklyk eden Türkiýäniň ýer eýeçiliginde Stambulda şäherinde geçirilen maslahatda Türk geňeşi bolan adyny Türki döwletleriň guramasy görnüşinde üýtgeden we 2040-njy ýylaçenli döwür üçin Konsepsiýasyny kabul eden Guramanyň Samarkantdaky maslahatynda nähili perspektiwa eýe boljakdygy hem-de Türki dünýädäki hyzmatdaşlygy we bitewileşme ugrunda nähili başlangyçlary etjekdigi gyzykly bolup galýardy. 103 maddadan ybarat bolan Samarkant Jarnamasynda ençeme detal bar.

Maslahatyň esasy kararlaryndan biri şübhesiz Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň synçy agzalyk derejesine eýe bolmagy boldy. Jarnamanyň 7-nji maddasy “Kipr Türklerini Türki Dünýäniň bir bölegi hökmünde kabul edýandiklerini” beýan edýan bolsa, DKTR-na synçy agzalyk derejesiniň berilmegi DKTR-na goýulan çäklendirmäniň aýrylmagy taýdan möhüm we Guramanyň Türkiýeden daşgary agzalary nukdaý nazaryndan hem aýgytly başlangyç.

Aýratynam Azerbaýjanyň Prezidentiniň çykyşynda agzalan we tas hemmeler tarapyndan goldanjak “Türki dünýäniň çäkleriniň has giňdigi” hakyndaky beýanyndan soň “TDG-na agza ýurtlaryň daşynda ýaşaýan kowumdaşlarymyzyň hukukžlarynyň, howpsuzlyklarynyň we milli şahsyýetleriniň goralmagy, assimilliasiýa bolmazlyklary” ýaly ugurlara Guramanyň çäginde goldaw berilmegi boýunça çagyryşy bir tarapdan hem Türki döwletleriň guramasynda Azerbaýjan tarapyndan Eýrana berilen konkret ýüzlenme häsýetine eýe boldy.

Soňky döwürde dartgynly bolan Gyrgyzstan-Täjigistan serhet meselesi boýunça halkara hukugyň çäklerinde Gyrgyzstana açyk goldaw ýüzlenmesine orun berilýän jarnamada, aýratynam migrasiýa we bikanun göçden terrorizme garşy göreşe we Owganystanda durnuklylygyň ýola goýulmagyna çenli ençeme mowzuga üns çekilýär.

Beýleki tarapdan TDG-nyň güýçlenmeginde we hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynda üns berilmeli esasy faktorlardan biri hem agza ýurtlaryň Guramadan daşgary alyp barýan özara ýa-da köp taraply hyzmatdaşlyklarydyr. Bu ugurda ençeme özara we köptaraply hyzmatdaşlyk mysaly bolup, diňe bir Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklaryny seljermek hem ýeterlik bolar.

Aýratynam agza döwletleriň liderlriniň özara ýa-da köptaraply başlangyçlary hem möhüm. Hat-da ldierler eýe bolan perspektiwalary bilen Guramanyň çägindäki hyzmatdaşlygyň ösmeginde möhüm faktor bolup durýarlar. Şeýlelikde Guramanyň Sekretariaty we agza döwletleriň tehniki wekiliýetleri liderleriň orta goýan konsepsiýasy we ugrukdurmalary bilen dosýelerine has ünsli çemeleşýärler hat-da iş ýüzüne geçirilmek üçin ýokary tagalla edýärler.

Bu taýda Türkiýäniň eden başlangyçlarynyň we Prezident Erdoganyň liderliginiň Guramanyň soňky döwürde öňe gitmeginde möhüm paýynyň bardygy ikiuçsyzdyr. Şeýle-de Azerbaýjanda Aliýewiň, Gazagystanda Tokaýewiň, Gyrgyzstanda Japarowyň we Özbegistanda Mirziýoýewiň Türki döwletleriň guramasynyň güýçlenmeginde uly paýy bar. Synçy ýurt Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban hem bu tapgyrda utgaşykly liderler edýär.



Degişli Habarlar