Döwletler üçin älem giňişliginde täsirli bolmak näme üçin möhüm?

Bilesigelijiniň Bellikleri

1899412
Döwletler üçin älem giňişliginde täsirli bolmak näme üçin möhüm?

Sowuk söweşiniň bir bölegi bolan älem giňişligi bilen bagly bäsdeşlik, häzirki wagtda hem dowam edýär. Kimler älem giňişligindäki bäsdeşlige gatnaşýar? Älem giňişliginde bolmak näme üçin möhüm? 

TRT TSR-nyň ähli diňleýjilerine Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinden mähirli salam. “Bilesigilijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde bolsa “Döwletler üçin älem giňişliginde täsirli bolmak näme üçin möhüm?” temasynyň üstünde durup geçmek isleýäris.

 “Älem giňişligine höküm sürýän, dünýäde höküm sürer” teoriýanyň esasynda dünýä döwletleri, älem giňşliginde eýýäm ençeme ýyl bäri bar bolmak üçin özara bäsleşýär.

61 ýyl ozal älem giňişligine çykyldy

SSSR-iň kosmonawty Ýuriý Gagariniň älem giňişligine çykmagyndan bäri 61 ýyl geçdi.

Ençeme ýyllap ABŞ bilen SSSR-iň arasyndaky bäsdeşlige eýe bolan Aý, NASA-nyň Artemis atly emeli hemrasy bilen ýaňadandan güntertibe geldi.

“Artemis-1” atly emeli hemranyň uçuşy üstünlikli geçen halatynda, NASA-nyň astronawtlary Aýyň töwereginde uçuş amala aşyryp bilerler. 2025-nji ýylda Aýa gonup bolar. Artemis-1-däki meseleler sebäpli, uçurulyş taryhy eýýäm 3-nji gezek yza süýşürildi.

Älem giňişligi bilen bagly harajatlarda soňky ýyllarda uly artyşlar hasaba alyndy

ABŞ başda bolmak bilen dünýä döwletleriň älem giňişligi bilen bagly harajatlarynda soňky ýyllarda uly artyşlar hasaba alyndy. Ol bolsa älem giňişligi bilen bagly täze bäsdeşligiň başlandygy manysyna gelýär. 

Älem giňişligi bilen bagly maýa goýumlar

Älem giňişligi bilen bagly emeli hemra senagatynyň ýagdaýy hem ünsleri özüne çekýän başga bir mesele bolmagynda galýar. Emeli hemra senagatyna goýulýan maýa goýumlar ýurtlaryň älem giňişligi bilen bagly maýa goýumlary taýdan örän möhümdir. Şol mukdar soňky 10 ýylda takmynan 2 esse artyp, 271 milliard dollara ýetdi. Iň köp maýa goýan ýurt bolsa ABŞ, ondan soň bolsa Hytaý we Ýaponiýa ýaly ýurtlar gelýär.

Döwletler üçin älem giňişliginde täsirli bolmak näme üçin möhüm? Döwletleriň arasyndaky älem giňşligi bäsdeşligi öňümizdäki döwürde dartgynlyga sebäp bolup bilermi?

Älem giňişligi bilen bagly söwda tapgyrynyň Amerikada başlandygyny we beýleki Günbatar ýurtlaryna we Ýaponiýa çenli ýaýbaňlanandygyny aýdan Kosmiki raketa gurluşygy boýunça hünärmen Arif Karabeýogly: “Söwda kärhanalary girdeji almak we ylmy-derňewler geçirmek maksady bilen älem giňşliginde ençeme operasiýa geçirýärler. Şonuň çäginde älem giňşligi syýahatçylygy, öňümizdäki ýyllarda bolup biljek magdançylyk we gözegçilik operasiýalary bar. Bular ýaly görnüşli hadysalaryň ählisi aslyna garanyňda Älem giňişligi bilen bagly söwda tapgyrynyň çäginde geçirilýär” diýip habar berdi.

Türkiyäniň älem giňişligi bilen bagly işleri nähili ýagdaýda?

Türkiyede tamamlanan we häzirki wagtda hem üstünde işlenýän ençeme taslamasy bar. Işjeň aragatnaşyk hemrasynyň sany 8-e ýetdi. Türkiye älem giňşliginde aragatnaşyk hemrasy bolan dünýäniň 30 ýurdunyň biri ýagdaýyna geldi.

Stambul Tehniki uniwersitediniň Uçar we älem giňşligi ylymlary bölüminiň mugallymy Prof. Dr. Alim Rüstem Aslan: “Aragatnaşyk hemrasynyň üstünde işlenýär, ýer şara gözegçilik hemrasynyň üstünde işlenýär, ylmy-derňew hemralaryň üstünde işlenýär, biz daşary ýurtlara emeli hemra eksport edýäris. Bu häzirki wagtda örän möhüm. Türkiyäniň milli uçuryş ulgam taslamasy bar. Älem giňişligine elýeterlilik örän möhüm. Emeli hemra öndüren ýurt bolsaňyzam, ony älem giňişligine uçuryp bilmeýän bolsaňyz ýa-da uçurmak kepilligiňiz ýok bolsa, ol uly bir kynçylykdyr. Ähli bu taslamalar Türkiyede bar” diýip maglumat berdi.  

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri, “Bilesigelijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň “Döwletler üçin älem giňişliginde täsirli bolmak näme üçin möhüm?” temaly bölümini okadyňyz. 



Degişli Habarlar