Ýewropanyň Syýasy Bileleşigi we Ýewropanyň Gelejegi

2022-nji ýylyň maý aýynda ilkinji gezek Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan teklip edilen Ýewropanyň Syýasy Bileleşigi taslamasy konkret başlangyjyny 6-njy oktýabrda Pragada geçirilen maslahaty bilen etdi.

1896145
Ýewropanyň Syýasy Bileleşigi we Ýewropanyň Gelejegi

 Esasanda BREXİT, pandemiýa we Ukraina söweşi bilen bilelikde Ýewropan yň gelejeginiň nähili ugrukjakdygy bilen bagly diskussiýalar güýçlenipdi. Germaniýada Merkeliň iş möhletiniň gutarmagy bilen bolsa Ýewropada liderlik meselesinin ýüze çykandygy beýan edilýär. Şol jähtden Fransiýa Germaniýadan boşan liderlik kürsüsine, esasanda syýasy taýdan oturmagy maksat edinýän  syýasaty saýlap aldy. Şeýlelikde Fransiýanyň ýokary diplomatik tagallalary bilen iş ýüzüne geçirilen täze mehanizm Ýewropanyň dünýa syýasatyndaky pozisiýasyny güýçlendirme maksadyny görkezdi. Fransiýanyň Prezident Makron üçin hem mesele iňňän möhüme meňzeýär. Şol sebäpli ÝSB, ilki başda MAkronuň Ýewropa syýasatyndaky we dünýä diplomatiýasyndaky liderlik pozisiýasyny güýçlendirmek ugrundaky başlangyç hökmünde seljerildi. Şol jähtden soňky ýyllarda dünýä diplomatiýasynda pozisiýasy ejizleýän Fransiýa we şol sebäpli tankyt edilýän Makron üçin ÝSB özbolyşly ähmiýete eýe.

ÝSB-niň ilkinji gezek Pragada geçirilen sammiti Ýewropanyň gelejeğini nähili ugrukdyrjakdygy boýunça görkezijileri özünde jemleýär. İlki bilen öňe saýlanan mesele, elbet-de Russiýanyň Ukraina hüjümleri. ÝSB taslamasy Russiýa ýa-da haýsydyr bir başga bir ýurda, belli bir howpa garşy berk pozisiýa eýelemedik hem bolsa, wagt taýdan Ýewropanyň Russiýanyň Ukraina hüjümi sebäpli ýüze çykan köpugurly çökgünlikler bilen bähili göreşjekdigini görkezmegi taýdan möhüm ähmiýete eýe. Eýsem Ukraina söweşi birnäçe nukdaý nazardan Ýewropa giň gerimli kynçylyklara sezewar edildi.

Şolaryň başynda energetika çökgünligi durýar. Ýewropa umuman energiýa serişdeleri taýdan Russiýa garaşly. Ýewropanyň ýyllyk sarp edýän tebigy gazy 500 milliard m3-a barabar we şonuň tas ýarysyny Russiýadan alýar. Emma söweş sebäpli Ýewropa bilen Russiýanyň arasynda dowam edýän düşnüşmezlikler, Demirgazyk Akym-1 turba göterijisiniň ukybynyň azaldylmagy, Demirgazyk Akym-2 taslamasynyň ABŞ-nyň  käbir garşylyklary sebäpli ulanmaga berilmezligi we Russiýa goýulan agyr ykdysady hem-de syýasy sanksiýalar gazyň nyrhynyň artmağyna sebäp boldy. Ol, Ýewropany alternatiw gaz üpjünçiligine gönükdiren hem bolsa, Ýewropa 2023-nji ýylda agyr energiýa çökgünligine sezewar bolar. Hem gazyň üpjünçilgi hem-de gazyň ammarlanmagy we düşýän gymmatynyň artmağy taýdan ýüze çykjak agyr meseleler Ýewropany energiýa serişdeleri taýdan çuň ykdysady hem-de syýasy çökgünlige mahrum etdi. Şol sebäpli Ýewropanyň energiýa çökgünligine çäre tapmagy gerek bolup durýar.

Beýleki tarapdan Ukraina söweşi Ýewropanyň howpsuzlyk ulgamy bilen täze wehimleri ýüze çykardy. Russiýanyň Ukrainany basyp alma synanşygy Ýewropa tarapyndan Sowuk söweşden soň ýüze çykan status-kwonuň bozulmagy ugrundaky synanşyk hökmünde kabul edilýär. NATO-da edilen syýasat özgerlişigi Ýewropanyň Russiýa bilen bagly howpsuzlygyny güýçlendirmek ugrundaky göçüm hökmünde iş ýüzüne geçirilen hem bolsa, söweşiň ýüze çykaran näbellilikleri we wehimleri Ýewropanyň howpsuzlygy bilen bagly aladalary artdyrdy. Esasanda Britaniýanyň ÝB-nden çykmagy bilen özüne täze ugur kesgitlemegi Ýewropanyň howpsuzlyk şertlerini özgertmegine sebäp bolýar. Şol sebäpli ÝHB Ýewropany hasam jebisleşdirmek üçin edilen başlangyç hökmünde kabul edilýär.

Ýewropanyň syýasy bileleşigini Makronyň täze taslamasy hökmünde-de tankyt edýänler bar. Şol tankytlar käbir jähtden ýerlikli ýaly görünýär. Emma bar bolan zerurlyklar, ÝB-niň uly strategiýa işläp düzmegini talap edýär. Esasanda ÝB-ne agza däl, emma bar bolan konýenkturada ady has köp eşidilýän liderleriň maslahata gatnaşmagy iňňän möhüm. Şol gatnaşyklar ÝB-ni Russiýanyň ýüze çykaran wehimlerinden goramak taýdan netijeli bolup biler.

ÝSB, strategik pikir alyşmalarda we gelejekde syýasat alyp barmakda materik derejesinde iş alyp barçak platforma öwrülme mümkinçiligine eýedir. Emma bu platformanyň Ýeworpanyň esasy meselelerini gysga möhletde çözmegi mümkin görünmeýär.



Degişli Habarlar