Sesiň gyrylmagyna tebigy bejergiler

Saglygym baýlygym

1872867
Sesiň gyrylmagyna tebigy bejergiler

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Sesiň gyrylmagyna tebigy bejergiler hakynda maglumat bermekçi.

Duzly suw

Eger-de ses bokurdak agyrysy bilen bilelikde gyrylan bolsa, ol bokurdagyň näsaglandygyny görkezýär. Agyrýan we näsaglan bokurdak we sesiň gyrylmagyna duzly suz peýdalydyr. Onuň üçin 1 käse ýyly suwa ýarym çaý çemçesi duz goşup, bukurdagy çaýkamak üçin ergin taýýarlamaly. Şol erginden owurt, owurt alyp, rahatlanma bolýança bokurdak çaýkalmaly.

Duzly we sodaly suw bilen hem çaýkamak maslahat berilýär. Bokurdak agyrysy ýeňil gyzarma sebäp bolan bolsa, duzly we sodaly suw bilen çaýkamaga dowam edtmek maslahat berilýär. Onuň netijelidigini nygtasymyz gelýär.

Sarymsak

Günde 1-2 diş sarymsak iýmek sesiň gysga möhletde kadalaşmagyny üpjün eder.

Sarymsak

Günde 1-2 diş sarymsak ýemek ile ses kysyklygyna kysa sürede çözüm bulunabilir.

 Ehinaseýa çaýy

Ehinaseýa çaýy ses gyrylmasyny aýrylmagy üçin peýdalydyr. Emma ehinaseýa güýçli ösümlik bolany üçin günd 1 ýa-da 2 çaşkadan köp ehinaseýa çaýyny içmek maslahat berilmeýär.

Dem alynýan howany çyglandyrmak

Gurak howadan dem almak bokurdagy biynjalyk edip, ses perdesiniň iriňlemegine sebäp bolup bilýär. Ol esasan gyş aýlarynda ýygy ýüze çykýar. Otaglara yzgar mata goýmak ýa-da bug maşynyndan peýhdalanmak howanyň çyglanmagyny üpjün edýär. Çygly howa gakylygyň azalmagyny we bokurdagyň gowulanmagyny ýola goýýar. Ýyly duşa düşünmek hem bokurdagyň çyglanmagyny üpjün edip, sesiň gyrylmasyny aýyrýar.

Zenjebiliň Köki

Zenjebil, laringit sebäpli ýüze çykan üsgülewigi we ses gyrylmasyny aýyrmak üçin hem peýdalanylýar. Zenjebili ýuwkajyk gyrgyçdan geçirip, miwe suwuna goşup bilersiňiz. Dilim-dilim kesip, gyzgyn suwda demläp, çaý görnüşinde-de içmek maslahat berilýär.

Zenjebile bal goşup iýmek hem peýdalydyr. Zenjebil çorba we naharlara hem goşulýar.

Gabyk dalçyn çaýy

Birnäçe gabyk daljyny gaýnan suwa salyň we 5-6 minut gaýnadyň. Aşagyny öçürip, birnäçe wagt demläň. Süzenden soň bir datly çemçesi bal goşup, bulaň we içiň. Bu ergini bir hepdäniň dowamynda içmek maslahat berilýär.

Ledens

Ledensler bokurdagy öllemek, agyryny azaltmak we üsgülewigi aýyrmak üçin peýdalydyr. Bally, limonly, gök çaýly ýa-da ehinaseýaly ledensler ses gyrylmasynyň aýrylmagy üçin peýdalydyr.

Bal

Bal, hem bokurdak agyrysynyň aýrylmagy hem-de ses gyrylmasynyň aýrylmagy üçin peýdalydyr. Günde bir çemçe bal iýmek maslahat berilýär. Lipa ýaly ösümlik çaýlaryňyza bal goşup içiň. Şeýlelikde bokurdagyňyz çygly bolar.

Çopantelpek Çaýy

Gyzaran bokurdak we gyrylan ses üçin çopantelpek çaýy rahatlandyryjydyr. Üsgülewigi azaldar we sesiň kadalaşmagyny üpjün eder. Çaýa bal goşup üçmek maslahat berilýär.

Alma Sirkesi

Sesiň gyrylmagyny aýyrmak üçin bir käse suwa 1 nahar çemçesi organiki alma sirkesini we 1 çaý çemçesi bal goşup içmek peýdalydyr. Alma sirkesi bilen agyzy çaýkamak hem maslahat berilýär.

Kardamon

Gripp ýa-da dümew ýaly hassalyklar sebäpli gyrylan sesi açmak üçin çigit kardamon iýmek peýadlydyr.

Turp

Uly gyzyl turpy hozuň ululygynda oýuň. Oýugyň içine 1,5 datly çemçesi bal goýuň we 24 sagat garaşdyryň. Soň bolsa tabagyň içine akan suwklygy her üç sagatda azajykdan içiň.

Kelem

Birnäçe ýaprak kelemi gaýnadyň. Keleniň suwuna azajyk şeker goşup, içmek maslahat berilýär.

Limon

Ýarym limony sykyp, suwuny alyň. Limonuň suwuny bir çaşka ýyly suwa goşup, içine bir datly çemçesi bal salyň we ergini içiň.

Ses perdelerine dynç bermek

Hassalaryň etmeli zatlary ýaly etmeli däl zatlary hem iňňän möhüm. Artykmaç köp we gaty ses bilen geplemeli däl. İşi sebäpli geplemeli adamlar mikrofon ýa-da ses güýçlendiriji ulanmaly.

Giçara aşa köp iýmäň, gazly içgiler içmäň we belent ýassykda ýatmaga üns beriň.

Nahary gowy çeýnäp ýuwudyň.

Ajy, hoşboý ysly azyklardan daş duruň.


Etiketkalar: #tebigy bejergi , #ses

Degişli Habarlar