Bogun agyrylary üçin tebigy maslahatlary

Saglygym baýlygym

1861489
Bogun agyrylary üçin tebigy maslahatlary

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Bogun agyrylary üçin tebigy maslahatlary dykgatyňyza ýetirmekçi.

Bogun agyrylary, garrylyk çagy bilen birlikde, umuman kekirdewügiň ejizlemegi, bogun sanynyň azalmagy ýa-da gutarmagy bilen ýüze çykýar.

Süňk we bogun agyrylary üçin tebigy maslahatlar….

1-Massaž

Süňk agyrylary üçin ilkinji tebigy usul elbetde massaždyr. Amatly şertlerde dogry usulda edilen massaž bilen süňk agyrylaryny rahatlandyrmak mümkin. Massažda käbir ösümlik ýaglaryndan pýdalanmak maslahat berilýär. Hozuň ýagy, hindi ýagy, kosokos ýagy massaž üçin amatlydyr. Şol ösümlik ýaglarynyň saýasynda süňklerdäki gan aýlanyşy çaltlanýar. Şol sebäpli hem süňk agyrylary bolan adamda rahatlanma bolýar.

Zeýtun ýagy bilen massaž

Agyryly süňkleriňize günde iki gezek zeýtun ýagy bilen massaž etmek maslahat berilýär. Massaždan soň durulanmaň we ýagyň deriňize siňmegini üpjün ediň.

2- Maşk etmek

Gysga aralykda yzgiderli ýöremek siziň üçün başlangyç bolup biler. Ýüzmek hem beýleki bir tebigy çözgüt. Ýeňilje we kadaly ýüzmek maslahat berilýär. Şeýlelikde süňk agyrylaryňyza azalar.

 

3-Zenjebil

Zenjebil bir görnüşli agyry aýyryjydyr. Günde bir käse zenjebil çaýyny içmek agyrylary azaldar. Şol sebäpli ýygy-ýygydan içmek peýdaly.

 

4-Çynar agajynyň ýapragy:

Çynar agajynyň ýapragy birnäçe wagtlap gyzgyn suwuň içinde durmaly. Gyzgyn suwda duran ýaprak agyrynyň bolan ýerine goýulsa, ol adamy rahatlandyrýar.

 

5-Zerdaçal bejergisi

 

Gerek bolan önümler

        Ýarym datly çemçesi zerdeçal

        2 käse suw

Taýýarlanyşy: Suwuň içine zerdeçaly goşuň we pes otda ýyladyň. Bir gezek gaýnadyp, otdan aýyryň. 6-7 minut demlenenden soň ertirine we agşam 1 käse için.

 

6-Ananas bejergisi

Ter ananas bogun agyrysy üçin iň peýdaly miwelerden we tebigu usullardan biri. Düzümindäki fermentler bogundaky iriňiň azalmagyny üpjün edýär.

Gerek bolan önümler

       2 dilim ter ananas

        1 litr agyz suwy

Taýýarlanyşy: Blenderiň içine 2 dilim ananasy salyňwe 4 stakan suw, ýagny 1 litr suw goşup, 5 minut garyň. Şol ergini günde 4 gezek içmek maslahat berilýär.

 

7- Zeýtun ýagy

Dyz we bogun agyrysyny azaltmak üçin naharlarda zeýtun ýagyny ulanmak möhüm. Zeýtun ýagynyň sowuklygyna sykylmagy hem-de işlenmedik bolmagy möhüm.

 

8-Sowuk Suw Balyklary

Dunaý balygy, gyzylbalyk we sardina ýaly sowuk suwda ýaşaýan balyklarda bogun agyrylaryna peýdaly bolan omega 3 ýagyýokary mukdarda bolýar.

9- Süňk çorbasy

10-Galla önümleri

Esasanda ýokaryýmli we kepekli galla önümlerini sarp etmek maslahat berilýär. Dyz we bogun agyrysy bolan adamlaryň bugdaý, süle, gara bugdaý sarp etmegi peýdalydyr.

 

11-Miwe we gök önümler

Ananas, brokoli, sarymsak, injir, gök ýaprakly ösümlikler, nar, tudana, böwürslen, ýertudanasy, alma, şugundyr, gyzyl kelem, käşir, kädi, kartoşka we pomidor iýmek maslahat berilýär.

 

12-Üzüm ýapragy

Kalsiý elementine baý bolan üzün ýapragynyň 100 gramynda 392 milligram kalsiý bardyr. Şol sebäpli süňk dokumasy üçin iňňän peýdalydyr.

13- Rozmarin

Iriň aýyryjy iýmitlerden biri bolan rozmarin, bogunlardaky çiş ýaly biynjalyklyga peýdalydyr.

 

14-Badam

Badamyň düzümindäki E witanimi ýokarydyr. Badamyň düzümindäki peýdaly elementler bogun agyrylaryny rahatlandyrýar.

15-Zagpyran

Zagpyran, bogun we myşsa agyrylary üçin iňňän peýdalydyr.

 

16- Gwozdika

Gwozdikanyň bogun agyrysyny rahatlandyrýandygy çaklanylýar. Gwozdikanyň düzüminde aýratynam bogun agyrylary sebäpli ýüze çykýan kekirdewük we süňk zaýalanmalarynyň öňüniň alymagyny üpjün edýän antioksidentler bardyr. Şol jähtden hroniki taýdan bogun agyrysy bolanlar maslahat berilýär.


Etiketkalar: #witamin , #badam , #massaž , #bogun

Degişli Habarlar