Tebigy magniý mineralynyň çeşmeleri we onuň peýdalary

Saglygym baýlygym

1845200
Tebigy magniý mineralynyň çeşmeleri we onuň peýdalary

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Tebigy magniý mineralynyň çeşmeleri we onuň peýdalary hakynda söhbet etmekçi.

 

Magniý näme?

Magniý, bedeniň funksiýasy üçin iňňän möhüm minerallardan biridir we bedende iň ýokary bolan minerallaryň dördünjisidir. Beden şol mineraly özbaşdak öndürmeýändigi üçin azyklar we gerek bolan halatynda goşmaça witaminler arkaly alynmaly bolýar.

Magniý ýetmezliginde böwrek daşy, damar dartylma we depressiýa sebäp bolýan magniýniň ähmiýeti iňňän ýokarydyr.

Magniýniň peýdalary namelerden ybarat?

Kortizony beýniden deňagramlaşdyrýan iň esasy witamin magniýdir.

Bedeniň içerki deňagramlygyny kadalaşdyrmak üçin gan derejesiniň bellenen ölçeglerde bolmaly.

Emma ýalňyş iýmitlenme we sarp edilen käbir azyklar ganyň derejesine ýaramaz täsir ýetirýän bolsa, magniýniň borjy şol deňagramlygy ýola goýmakdan ybarat.

  • Bagtyýarlyk gormonynyň kadaly bolmagy üçin magniý elementi möhüm. Magniý bedende ýeterlik mukdarda bar bolsa, depressiýa we aladalanma ähtimallygy azalýar.
  • Bedende ýadawlygyň we ysgynsyzlygyň azalmagyny üpjün edýär.
  • Elektrolit deňagramlygyny kadalaşdyrýar.
  • Diş saglygynyň goralmagy taýdan peýdaly element.
  • Öýjükleriň bölünmeginde möhüm täsiri bar.
  • Myşsalaryň funksiýalarynyň, energiýa işläp çykaryş mehanizmleriniň kadaly işlemegine goşant goşýar.
  • Öýjükleri alýumin, nikel, kadmiý, simap, gurşun ýaly zyýanly elementlerden goraýar.
  • Bedende kaliýniň we kalsiniň funksiýasyny artdyrýar.

 

Tebigy magniý çeşmeleri namelerdir?

Ysmanak ýaly gök ýapraly bakja önümleri, funduk, hoz, kak erik, garpyz, şugundyr, hurma, poroý sogany, fasol, garoh, soýa fasoly, süýt, gatyk, gabykly iýmişler, banan, awakado, bitter şokolad, günebakar çigidi, künji, dil balygy magniý çeşmelerinden kabirleridir.

  • Bitter şokolad
  • Awokado
  • Gök fasol
  • Banan
  • Süýt
  • Ysmanak
  • Gury kösükliler
  • Sap galla önümleri
  • Goýy ýaprakly gök önümler
  • Gatyk

Elbetde ähli azyklary sarp etmek we tapawut goýmazlyk elmydama ýerlikli çözgütdir. Sebäbi olar gaýtadan işlenýärkä düzümindäki magniýniň mukdary azalyp biler.

  1. Gara şokolad

Düzüminde azyndan 70 göterim kakao bolan gara ýa-da bitter şokoladyň 28 gramynda 64 mlligram magniý bar. Ol hem adama günlük gerek bolan magniýniň 16 göterimine deň gelýär.

  1. Awokado

Bir awokadonyň düzüminde bir günde gerek bolan mukdaryň 15 göterimine gabat gelýän 58 mg. magniý bar.

  1.  Gaty gabykly iýmişler

Badam, Braziliýa hozy we keşýu ýaly gaty gabykly iýmişleriň 28 gramynda bir günde gerek bolan mukdaryň 20 göterimine gabat gelýän 82 mg. magniý bar.

  1. Kösükliler

Merjimek, fasol, nohut, garoh we soýa fasoly ýaly kösüklileriň düzüminde magniý elementi ýokary mukdardadyr.

  1. Tohumlar

Günbakar, keteni, kädi we çia tohumlary iňňän ýokary iýmitlendiriji azyklardan kabirleridir. Esasanda kädi çigidiniň 28 gramynda 150 milli gram magniý bar. Ol hem bedene gerek bolan günlük magniýniň 37 göterimine deň gelýär.

  1. Sap galla önümleri

Bugdaý, gara buğdaý, ýulaf, arpa, kiao magniý taýdan baýdyr. 38 gram gara buğdaýda 65 gram magniý bolýar.

Banan

Banan, esasanda düzümindäki ýokary kaliýniň mukdary bilen bilinýän hem bolsa, uly bananda, bir günde gerek bolan mukdaryň 9göterimine gabat gelýän 37 mg. magniý bar.

 

Goýy gök ýaprakly önümler

Ymanak, kelem, turp ýaly ösümleriň ýapraklaryndaky magniý, esasanda 100 gram bişen ysmanakda bir günde gerek bolan mukdaryň 39  göterimine gabat gelýän 157 mg. magniý bar.

Gatyk we soda bejergisi

Magniý ýetmezçiligi üçin gatyk we soda bejergisi teklip edilýär. Bir käse gatyga 1 çüýşe soda goşup, günüň dowamynda islän wagtyňyz içmek maslahat berilýär.

Ter fasol

Soýa fasoly

Soýa fasoly bir günde gerek bolan mukdaryň 70 göterimini özünde jemleýär.


Etiketkalar: #bugdaý , #galla , #witamin , #magniý

Degişli Habarlar