Şanhaý Hızmatdaşlyk Guramasynyň Özbegistanda Geçirlen Maslahaty

Ýewraziýa Syn

1834013
Şanhaý Hızmatdaşlyk Guramasynyň Özbegistanda Geçirlen Maslahaty

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Özbegistanda geçirilen maslahaty hem-de forumlary hakynda durup geçmek isleýäris.

Özbegistanyň döwürleýin başlyklygy sebäpli Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäreleri bu ýyl Özbegistanda geçirilýär. Maý aýynda guramanyň esasy maslahatlary hem-de forumlary Özbegistanyň dürli şäherlerinde geçirildi.

Maý aýynyň 11-12-si aralygynda Daşkent şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Halk diplomatiýasy forumy geçirildi. Foruma gurama agza ýurtlardan 120-den gowrak wekiller gatnaşdylar. Halk diplomatiýasy forumy Özbegistanyň teklibine laýyklykda 2017-nji ýyldan bäri geçirilýär.

12-nji maýda Hywa şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ulaglar ministrleriniň 8-njy maslahaty gibrid formatda geçirildi. Maslahatyň ahyrynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnama gol çekişildi we bilelikdäki işjeň toparyň döredilmegi boýunça karar kabul edildi.

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda guramanyň Baş Sekretary Jamg Ming Özbegistana bardy. ŞHG-nyň Baş Sekretary Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wladimir Norow tarapyndan kabul edildi. Duşuşyklarda 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-16-sy aralygynda Samarkad şäherinde geçiriljek guramanyň Sammitine görülýän taýýarlyklar hem-de guramanyň meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

2022-nji ýylyň 16-njy maýynda guramanyň Banklar bileleşiginiň hünärmenleriniň we utgaşdyryjylarynyň maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibinde milli pul birlikleri bilen söwda etmek esasy orun eýeledi.

17-nji maýda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Karatinden jogapkär ministrlikleriniň wekilleriniň we ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi.

19-njy maýda guramanyň Syýahatçylyk ministrleriniň 19-njy maslahaty Daşkentde gibrid formatda geçirildi. Maslahatda Hindistanyň Waranasi şäheri guramanyň Syýahatçylyk we medeniýet paýtagtlygyna saýlandy. 20-nji maýda “Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda täze döwür: Syýahatçylyk we global miras” temaly halkara syýahatçylyk forumy geçirildi. Şol gün guramanyň Medeniýet ministrleriniň maslahaty hem geçirildi. Maslahatyň ahyrynda muzeýçilik boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekişildi.

20-nji maýda Özbegistanda ŞHG-na agza ýurtlaryň Sport ministrleriniň maslahaty geçirildi. Maslahatyň ahyrynda ministrler tarapyndan “ŞHG-na agza ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda 2022-2024-nji ýyllaryň aralygynda sportda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hakynda iş meýilnamasy” kabul edildi.

Şu ýyl ŞHG-nyň çäginde 80 çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilen bolsa, onuň 40-a golaýy Özbegistanda geçirildi. Mälim bolşy ýaly resmi Daşkent şol çäreleri ýurduň dürli şäherlerinde geçirmäge aýratyn üns berýär. Özbegistan öz döwürleýin ýolbaşçylygynda guramanyň güýçlenmegine möhüm goşant goşýar.

Dünýäniň ilatynyň tas ýarysy ŞHG-na agza ýurtlarda ýaşaýar. Şeýlelikde guramanyň ähmiýeti günsaýyn artýar. ŞHG-nyň dialog hyzmatdaşy Türkiýe, gurama synçy ýa-da agza bolmak üçin ýüztutan halatynda, iki tarap üçin hem bähbitli bolar. Ol gündogar bilen günbataryň arasynda möhüm pozisiýada ýerleşýän Türkiýäniň Gaýtadan Aziýa başlangyjyna hem bap gelýär.

 



Degişli Habarlar