Russiýa-Ukraina Söweşiniň GDA-nyň Ýurtlaryna Ýetirýän Täsirleri

Ýewraziýa Syn

1806093
Russiýa-Ukraina Söweşiniň GDA-nyň Ýurtlaryna Ýetirýän Täsirleri

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşimiziň nobatdaky sanynda Russiýa-Ukraina söweşiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlara ýetirýän täsirleri hakynda durup geçmek isleýäris.

Russiýanyň Ukraina hüjüm etmeginden bäri bir aýdan gowrak wagt geçdi. Söweşiň bes edilmegi boýunça taraplaryň arasynda geçirilýän gepleşiklerden häzirlikçe netije alynmady. Russiýa-Ukraina söweşi bütin dünýä ýaramaz täsir ýetirýär. Emma söweş GDA-nyň düzümine girýän ýurtlara has agyr täsir ýetirýär.

GDA-nyň ýurtlarynyň Russiýa-Ukraina söweşine bolan çemeleşmesi Kreml bilen bolan gatnaşyklaryna görä ugrukýar. Russiýa bilen bitewileşme tapgyryny başladan Belarus aç-açan Kremliň agressiw syýasatyny goldaýar. Ýewraziýanyň ykdysady bileleşige agza beýleki ýurtlaryň hökümetleriniň Russiýanyň Ukrainadaky “harby operasiýasyna” ýagny, hüjümine garşy pozisiýa eýelemegine garaşylmaly däl. BMG-niň Baş Assambleýasynda Ukraina boýunça geçirilen sese goýulşykda GDA girýän ýurtlaryň käbirleri ses bermekden saklanan bolsa, käbirleri oňa gatnaşmady. GDA girýän ýurtlardan diňe Özbegistan Ukrainanyň territorial bitewiligini goldaýandygyny we Lugansk we Donesk respublikasy diýilýän ýerleri ykrar etmejekdigini beýan etdi.

Russiýanyň Ukraina hüjüm etmegi günbatar ýurtlarynyň Russiýa sanksiýa goýmagyna sebäp boldy. Şol sanksiýalar ençeme ugurda Russiýa bilen ýakyn gatnaşyk edýän GDA-nyň ýurtlaryna gönüden täsir ýetirýär. Käbir ýurtlaryň ýokary derejeli býurokratlary bu çökgünlikden ýerlikli peýdalanyp biljekdiklerini, ýurtlarynyň Russiýa eksportunyň artjakdygyny beýan edýärler. Çökgünliň pursada öwrülip öwrülmejekdigini Russiýa-Ukraina söweşiniň şertleri we global güýçleriň pozisiýasy kesgitlär. Uruş sebäpli dünýäde bloklaşmanyň artmagy we GDA-nyň ýurtlarynyň tarap tutmaga mejbur bolmagy, adybir ýurtlaryň ykdysady we beýleki şertlerine ýaramaz täsir ýetirer.

Söweşiň başlamagyndan bäri Russiýa we Ukraina öz azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ençeme önümiň eksport edilmegini gadagan etdi. Ol hem GDA-nyň düzümindäki ýurtlarda azyk önümleriniň bahalarynyň artmagyna sebäp boldy. Azyk howpsuzlygy GDA-nyň ýurtlarynyň gün tertibindäki esasy meselä öwrüldi.

Söweşde adam pidalarynyň çekilmegi gutulgysyz. Hem Ukraina hem-de Russiýa bir aýdan bäri dowam edýän söweşde öz harby ýitgileriniň sanyny müňden ýokary, duşmanyň ýitgilerini bolsa 15 müňe barbar diýip beýan etdiler. GDA-nyň ýurtlaryndan Russiýa göçen we Russiýanyň raýatlygyndaky esgerleriň ölüm habarlary mediada seslenme döredýär. Häzirki wagta çenli asly gazagystanly, gyrgyzstanly we täjisigistanly bolan Russiýanyň goşunyndaky esgerleri Ukrainada ölendigi hakynda habarlar çykdy.

BMG 24-nji fewraldan bäri Ukrainadan çykan adamlaryň sanynyň 3,8 milliona barabardygyny beýan etdi. Ýurtda öýlerini terk etmäge mejbur bolan ukrainleriň sany 10 milliondan geçdi. Russiýadan hem başga ýurtlara göçenler bar. Kompýuter hünärmenleriniň başda durmagynda ençeme rus hünärmeni maşgala agzalary bilen bilelikde GDA-nyň ýurtlaryna göçýär. GDA-nyň ýurtlaryna göçýän russiýalylaryň ýerli ykdysadyýetiň we beýleki ugurlaryň ösmegine goşandy bolsa gerek. Emma umuman söweşiň dowam etmegi GDA-nyň ýurtlaryna ýaramaz täsirini dowam etdirer.


Etiketkalar: #söweş , #Ukraina , #Russiýa , #GDA

Degişli Habarlar