Gazhana Muzeýi

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1781482
Gazhana Muzeýi

Bir asyryň dowamynda Stambulyň yşyklandyryş we ýangyç islegini kanagatlandyran gaz ammarynyň häzirki wagtda medeniýet we sunagat merkezine öwrülendigini bilýäňizmi?

Stambulyň soňky gazhanasy hökmümde 1891-nji ýylda açylan Hasanpaşa Gaznahasy 101 ýylyň dowamynda şäheriň yşyklandyryş we ýangyç işlegini kanagatlandyrdy. Tehnologiýasy könelendigi sebäpli daşky gurşaw we adamlaryň saglygy üçin zyýanly hasap edilip, 1993-nji ýylda şäheriň beýleki gazhanalary bilen birlikde önümçiligi bes edilýär.

130 ýyllyk taryhy bilen Türkiýäniň esasy senagat miraslaryndan biri bolan taryhy bina, düýpli abatlaýyş tapgyryndan geçirildi we medeniýet-sungat merkezine öwrüldi. 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda açylan Gazhana muzeýi, jemi 32 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Şol giň meýdanyň içinde Yklym muzeýi, Karrikatura we satira-ýumor muzeýi, ylmy merkez, kitaphana, sergi zallary, okalga zallary, iki kino-teatr zaly we bir kitapçy ýerleşýär. Ýaşaýyş zolaklary bilen ünsi çekýän muzeýiň howlusynda galyndylardan öndürilen heýkeler myhmanlary garşy alýar.

Stambulyň Kadyköý etrabynda ýerleşýän Gazhana muzeýi, uly-kiçi hemmäniň ünsüni çekýän çäreleri bilen size garaşýar.


Etiketkalar: #muzeý , #Gazhana muzeýi

Degişli Habarlar