Baksy Muzeýi

Giňdir dünýe geňdir dünýe

1743038
Baksy Muzeýi
Baksı Muzesi2.jpg
Baksı muzesi1.jpg
Baksı muzesi.jpg

Türkiýaniň Gündogar Gare deňiz sebitindäki obalardan birinde baýrakly muzeýiň bardygyny bilýäňizmi?

Gündogar Gara deňiz sebitiniň Baýburt welaýatynda ýerleşýän ozalky ady Baksy, täze ady Baýraktar obasynda binagärlik dizaýny, tebigy ýerleşişi we adaty bolmadyk taslamalary bilen ünsleri çekýän muzeý bar. Şäher merkezinden 45 kilometr alysda, Çoruh jülgesine seredän depäniň üstünde suratkeş we alym Professor Hüsamettin Koçan tarapyndan açylan Baksy muzeýi sergi zallary, tälim ussahanalary, ammar muzeý, maslahatlar zaly, myhmanhanasy, metjidi we kitaphanasy bilen hem ünsleri özünde jemleýär. Döwrebap we milli sungatlary şol bir ýerde jemleýän muzeý, şol bir wagtda-da ýerli halkyň tälim almagyna we iş bilen üpjün edilmegine şert döredýär. Aýratynam ýerleşýän sebitinde ukyply çagalary saýlap, olara bilim almaga şert döredip, esasanda dizaýn, sungat we medeniýet ugurlarynda özlerini kämilleşdirmek üçin taslamalary iş ýüzüne geçirýär.

Milli medeniýeti gorap, geljek nesillere ýetirmek üçin barlaglar geçirýän, esasanda zenanlary iş bilen üpjün etmek üçin taslamalary iş ýüzüne geçirýän Baksy muzeýi, 2014-nji ýylda Ýewropa Geňeşinin Muzeý baýragy bilen şol ýyl Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň buýsanç baýragyna laýyk görüldi.


Etiketkalar: #çagalar , #zenan , #muzeý

Degişli Habarlar