Saglygym baýlygym

Kelle agyrysy üçin tebigy bejergi usullary

1717568
Saglygym baýlygym

Gepleşigimiziň bu sanynda kelle agyrysy üçin tebigy bejergi usullary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Ýarawsyzlyklardan biri hökmünde ýygy-ýygydan başdan geçirilýän kelle agyrysy adamlaryň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýär. Dürli görnüşlerde bolan kelle agyrysy birnäç sagat ýa-da birnäçe gün dowam edýär.

Biziň size tebigy bejergi maslahatlarymyz bolsa şulardan ybarat:

  1. Lawanda ýagy:

Gönüden ysgamak, difýuzora 2 damja salym odany howalandyrmak, salfetma iki damja damdyryp, ysgamak peýdaly bolar.

  1. Narpyz ýagy:

Lukmançylyk pudagynda ulanylýan narpyz ýagynyň rahatlandyryjy täsiri bilen ýokary gan basynjy we dartgynlyk sebäpli ýüze çykýan kelle agyrylarynda rahatlandyryjy bejergi usuly hökmünde peýdalanylýar.

  1. Beezil ýagy:

Beezil ýagy musguly ýumşadyjy häsýete eýedir. Kelle agyrysyna we ejizlän myşsalara peýdalydyr.

  1. Keten tohumy:

Keten tohumy omega 3 taýdan baý bolmagy sebäpli kelle agyrysyny azaldyjy täsiri bar.

  1. Türk kofesi we çaý:

Kofe we çaý hem kelle agyrysyny azaltmak üçin içilýär. Kofeniň düzümindäki kafein kelle agyrysyny azaldýar. Bir käse türk kofesi ýa-da çaý içmek agyryny aýyryjy täsiri netijesinde peýdaly bolýar. Emma ýene-de artykmaç sarp edilmeli däl.

 

  1. Barmak bilen akapuntktur zolagyna basyş etmek:

Eliň we süýem barmaklarynyň arasyndaky nokadyna beýleki el bilen basyş edilen halatynda kelle agyrysynyň aýrylmagyna peýdaly bolýar.

  • Gaşlaryn arasyndaky nokatda ýerleşýän akapunktur basynç nokadyna basynç etmek stress we ýadawlyk sebäpli ýüze çykýan kelle agyrylaryny azaldýar.
  • Burun bilen göz oýujagynyň arasyndaky nokat, burun köpürjeginiň we göz oýujagynyň üstünde, gaşlarymyzyň aşagynda ýerleşýär. Stress we sowuk sebäpli ýüze çykan kelle agyrysyndan halas bolmak üçin baş barmagyňyz bilen şol nokada basyň.

 

  1. Ýyly duş:

Eger kelle agyrysy gripp ýa-da sinusit bilen bagly bolsa, ýyly howa burun kanallaryny açmaga hem paýdaly bolar.

  1. Alyn we şakak zolagyna yzgar matajyk ýa-da buz bilen sowuk kompress etmek rahatlandyrar. Alyn we şakak zolagyna sowuk goýulýan bolsa, kelle agyrysyndan gysga möhletden dynmak üçin omuza we eğine ýyly kompress goýulmaly.
  2. Suwsyz galynmaly däl.


Degişli Habarlar